UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň 1-nji tapgyrynda öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda 2-0 öňe barýarka Azerbaýjanyň “Garabag” toparyndan 3-2 hasabynda utulan “Benfika” topary tälimçisi Bruno Lageni wezipesinden boşadypdy. Toparyň täze tälimçisi wezipesine bolsa meşhur hünärmen Žoze Mourinio bellendi. Mourinio geçen aýyň ahyrlaryna çenli “Fenerbahçe” toparyna tälim berýärdi. Pleý-off tapgyrynda “Benfikadan” utulan “Fenerbahçe” topary ony wezipesinden boşadypdy.
Bu günki gün bolsa Mourinio “Benfikanyň” tälimçisi bolup, ol 25 ýyldan soň özüniň ilkinji tälimçilik eden klubuna gaýdyp geldi. 62 ýaşyndaky hünärmen “Benfika” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol 2000-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda (bu gezek 18-nji sentýabrda) “Benfikanyň” tälimçisi bolup, lissabonlylardaky ilkinji başdangeçirmesi uzak dowam etmändi. Ol dekabr aýynda 11 oýundan soň (6 ýeňiş, 3 deňlik, 2 ýeňliş) wezipesinden boşadylypdy.
Mourinio ondan soň “Uniao de Leiria” (2001-02), “Porto” (2002-04), “Çelsi” (2004-07,), “Inter” (2008-10), “Real Madrid” (2010-13), “Çelsi” (2013-15), “Mançester Ýunaýted” (2016-18), “Tottenham” (2019-21), “Roma” (2021-24), “Fenerbahçe” (2024-25) klublaryna tälim berdi. “Porto” we “Inter” bilen Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny gazanan Mou Portugaliýada, Angliýada, Italiýada, Ispaniýada milli ligalaryň çempionlyk kuboklaryny asmana göterdi. “Porto” bilen UEFA Kubogyny, “Mançester Ýunaýted” bilen Ýewropa Ligasyny, “Roma” bilenem Konferensiýa Ligasyny eýelän Mourinionyň tälimçilik karýerasyndaky kuboklarynyň sany 26-a deňdir.
PDF









