– Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.
– Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Eliňizi elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.
– Sagdyn iýmitlenmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý ter gök önümleri we miweleri iýmeli.
– Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Öý şertlerinde olary belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly.
– Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli.
– Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Özbaşdak derman serişdelerini, esasan hem, antibakterial derman serişdelerini ulanmaly däl. Sebäbi antibakteral derman serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply bolýar. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
– Ýaz paslynda howanyň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup biljekdigini we derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.
– Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp öz wagtynda almaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.