Müsür 2024-nji ýylda 15,7 million syýahatçy kabul etdi. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk we gadymyýet ministri Şerif Fathi habar berdi. Ol bu ösüşiň Müsüriň ýolbaşçylary tarapyndan üpjün edilen howpsuzlyk we hökümetiň syýahatçylyk pudagyna berýän goldawy arkaly mümkin bolandygyny aýtdy. Şeýle hem, Fathi ministrligiň hususy pudak we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm rol oýnandygyny aýtdy.
Ministr häzirki wagtda myhmanhana infrastrukturasyny giňeltmek we syýahatçylyga maýa goýumlaryny çekmek üçin zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýurduň Maliýe ministrligi we Müsüriň Merkezi banky 40 müň sany täze nomer döretmek we gutarylman galan taslamalaryň tamamlanmagyny öz içine alýan maksatnamany ýola goýdular.
Şeýle hem, Fathi syýahatçylyk pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri üçin merkezleşdirilen bank döretmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu edara içerki we halkara bazarlaryndaky maýadarlar üçin bitewi teklipler kartasyny işläp düzer diýlip garaşylýar.