Müsürde faraon Tutmos II-niň (miladydan öňki 1493-1481) 3500 ýyllyk aramgähi tapyldy. Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrliginiň maglumatlaryna görä, gazuw-agtaryş işleri Müsüriň gadymyýet geňeşi we döwlet ylmy gözlegler merkezi tarapyndan gurnalan müsür-britan arheologiki missiýasynyň gatnaşmagynda Luksor şäheriniň golaýynda geçirildi.
Arheolaglar munuň “Müsüriň on sekizinji neberesiniň (miladydan öň 1549-1292-nji ýyllar) patyşalarynyň iň soňky ýitirilen aramgähidigini” belläp geçdi. Bu ýer 2022-nji ýylda Fiwan daglaryndaky gazuw-agtaryş we arheologik gözlegler wagtynda tapyldy.
-Bu 1922-nji ýylda patyşa Tutanhamonyň aramgahi tapylaly bäri ilkinji ýüze çykarylan patyşa aramgähidir – diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministri Şerif Fethi aýtdy.
Aramghden tapylan gap-gaçlaryň käbir böleklerinde patyşa Tutmos II-niň, şeýle hem onuň aýaly Hatşepsutyň ady ýazylan ýazgylar bar. Bu bolsa, galyndylaryň kime degişlidigini tassyklaýar – diýip, Müsüriň gadymyýet geňeşiniň Baş sekretary Muhammet Halid belledi. Halid faraonyň aramgähiniň tapylmagyny “soňky ýyllaryň iň möhüm arheologiki açyşlarynyň biri” diýip baha berdi.