Mýanmada ählumumy parlament saýlawlarynyň üçünji tapgyrynda ses berişlik tamamlandy.
Saýlawlaryň jemleýji tapgyry 25-nji ýanwarda, takmynan, 60 sany ilatly nokatda geçirildi. Mýanmanyň Milli goranmak we howpsuzlyk geňeşiniň maglumat toparynyň ýolbaşçysy Zo Min Tun ýurduň parlamentiniň mart aýynda ýygnanyşjakdygyny, täze hökümetiň bolsa aprelde işe girişjekdigini mälim etdi.
Ýurtda dörän çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, Mýanmada parlament saýlawlary üç tapgyrda — 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda, 2026-njy ýylyň 11-nji we 25-nji ýanwarynda geçirildi. Saýlawlaryň barşynda Milletler palatasynyň, Assambleýa bileleşiginiň wekiller palatasynyň hem-de sebitiň 14 sany kanun çykaryjy ýygnaklarynyň agzalary saýlanýar.
PDF









