UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň çäginde mundan 1 hepde ozal Monte Karlodan iň kiçi hasaply ýeňiş bilen dolanan “Benfika” toparyna öz meýdançasynda “Monakony” ýeňmek başartmasa-da, deňme-deňlik olaryň 1/8 finala çykmagy üçin ýeterlik boldy. 6 goluň geçirilen duşuşygynda ýeňiş gazanan bolman, 1-nji ýarym Kerem Aktürkoglunyň hem-de Takumi Minaminonyň garşylykly gollary bilen deňlikde tamamlandy. 2-nji ýarymda “Monako” 2 gezek öňe saýlandy. Ýöne her gezekde-de lissabonlylar hasaby deňlemegi başardy. 51-nji minutda “Monakodan” Ben Segiriň goluna 76-njy minutda “Benfikadan” Pawlidis penalti goly bilen jogap berdi. Ilenihena 81-nji minutda “Monakony” öňe geçirse-de, 3 minutdan soň Orhan Kökçü hasaby deňlemegi başardy. Umumy hasapda 4-3 öňe saýlanan “Benfika” ýoluny dowam eder. “Benfika” topary 1 ýyllyk arakesmeden soň 8-nji gezek 1/8 finala çykdy.