Adamlar köne kitaplaryň ysyny şeýle bir gowy görýärler, hatda şol ys esasynda taýýarlanan atyrlary hem satyn almaga taýýar. Şol sebäpli alymlar bu ysyň aslynda nireden gelip çykýandygyny öwrenmek kararyna geldiler.
Ýaňy-ýaňylar hem elektron kitaplaryň we telefon arkaly okamak mümkinçiliginiň peýda bolmagy bilen, kagyz kitaplaryň taryha siňjekdigi çaklanypdy. Emma hakykat başgaça boldy – “IFL Science” neşiriniň ýazmagyna görä, adamlar köne kitaplaryň ysyny şeýle bir gowy görýärler, hatda olardan el çekmek islemeýärler.
London uniwersitet kollejiniň professory Matiýa Strliç we onuň kärdeşleri täze barlagyň dowamynda köne kitaplarda näme üçin beýle ysyň dörändigini we onuň bize näme üçin şeýle ýakymlydygyny öwrendiler.
Barlagyň gidişinde alymlar ýörite “elektron burun” ulanyp, kitaplaryň könelmegi bilen belli bir şertlerde käbir molekulalaryň bölünip çykýandygyny anykladylar. Bu iki sebäbe görä örän möhümdir: birinjiden, biz ahyry köne kitaplaryň ysyny nämäniň şeýle özüne çekiji edýändigini bileris, ikinjiden bolsa, alymlar gadymy nusgalary nädip gorap saklamalydygyna has gowy düşünerler.
Barlagyň birinji tapgyrynda alymlar wagt geçdigiçe syýadaky kanifolyň (şepbigiň) we kagyzdaky ligniniň dargamagy netijesinde emele gelýän birnäçe uçujy birleşmeleri anykladylar. Şeýle hem, wagtyň geçmegi bilen kagyzyň sirke kislotasyny öndürýändigi belli boldy.
Alymlaryň bellemegine görä, täze kitaplarda beýle ys ýok, sebäbi olaryň düzümi dargamaga has durnuklydyr. Şol bir wagtda bolsa, bu ýagdaý geçen asyrda kitap çap etmek üçin düzüminde ligniniň mukdary az bolan kagyzyň ulanylandygy bilen hem düşündirilýär.