Ýer ýü­zün­de me­de­ni usul­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mi­we­ler bi­len bir ha­tar­da te­bi­gy ýag­daý­da ös­ýän mi­we­li agaç­la­ryň we ösüm­lik­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Ösüm­lik­le­riň dür­li reňk­li mi­we­le­ri biş­di­gi­sa­ýyn reň­ki­ni üýt­ged­ýär. Biş­me­dik mi­we­ler adat­ça ýa­şyl reňk­li bol­ýar. Ýa­şyl reň­ki mi­wäniň öý­jük­le­rin­dä­ki hlo­ro­fil eme­le ge­tir­ýär. Mi­we wag­tyň geç­me­gi bi­len ula­lyp, sa­ral­ýar. Bu reňk Gün şöh­le­si­ni has köp özü­ne çe­kip, mi­wä­niň gys­ga wagt­da biş­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Bu dö­wür­de mi­wä­niň eti hem ýum­şa­ýar. Reň­kiň üýt­ge­me­gi­ne ýy­ly­lyk, ýag­ty­lyk we mi­wä­niň do­ku­ma­la­ryn­da­ky kis­lo­rod bi­len ga­zyň muk­da­ry­nyň eme­le ge­tir­ýän hi­mi­ki üýt­geş­me­le­ri se­bäp bol­ýar.
Kä­bir mi­wedir gök önüm­leriň bol­sa ar­ty­lan­dan ýa-da ke­si­len­den soň­ra reň­ki üýt­ge­ýär. Bu ýag­da­ýy al­ma, ar­myt, be­ýi, ýe­ral­ma ýa­ly mi­we we gök önüm­ler­de has oňat gö­rüp bol­ýar. Mu­nuň se­bä­bi mi­wä­niň go­ra­gy bo­lan ga­by­gy­nyň aý­ryl­ma­gy bi­len onuň dü­zü­min­dä­ki hi­mi­ki bir­leş­me­le­riň kis­lo­rod bi­len tä­sir­leş­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu tä­sir­leş­mä­niň ne­ti­je­sin­de edil dem­riň pos­la­ý­şy ýa­ly mi­we hem reň­ki­ni üýt­ged­ýär. Ke­si­len mi­we su­wuň içi­ne sal­nyp go­ýul­sa onuň reň­ki üýt­ge­me­ýär. Se­bä­bi suw mi­wä­niň ho­wa bi­len ara­sy­ny kes­ýär.

Altyngözel Hangulyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.