Aş­ha­na­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan so­wa­dy­jy 1834-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly in­že­ner Ýa­kob Per­kins ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Iki asy­ra go­laý ta­ry­hy bo­lan bu en­jam bir­nä­çe ösü­şi baş­dan ge­çi­rip­dir. Il­ki­baş­da şka­fa meň­ze­di­lip çy­ka­ry­lan so­wa­dy­jy­nyň hä­zir­ki wagt­da iki gat­ly, doň­du­ry­jy we so­wa­dy­jy bö­le­gi aý­ra­tyn bo­lan dür­li gör­nüş­le­ri bar. «Akyl­ly» so­wa­dy­jy­la­ryň sa­tu­wa çy­ka­ry­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu en­ja­myň iç­ki gör­nü­şi şol dur­kun­da sak­la­nyp­dyr. Syn eden bol­sa­ňyz, so­wa­dy­jy­ny haý­sy kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, hem­me­si­niň içi ak reňk­de bolýar. Eý­sem, iý­mi­ti za­ýa­la­man sak­la­ýan bu en­ja­myň içi nä­me üçin di­ňe ak reňk­de çy­ka­ryl­ýar?!
Ada­ty zat ýa­ly gö­rün­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, so­wa­dy­jy­nyň içi­niň ak reňk­de bol­ma­gy akyl­ly çöz­güt ha­sap­la­nyl­ýar. Bu çöz­güt di­zaýn, psi­ho­lo­gi­ýa, teh­no­lo­gi­ýa we gün­de­lik en­dik­le­ri­miz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Ak reňk aras­sa­çy­ly­gy we sag­dyn­ly­gy aň­lad­ýar. Şol se­bäp­li öý­de azyk önüm­le­ri­niň sak­lan­ýan esa­sy ýe­ri bo­lan so­wa­dy­jy­nyň içi ak reňk­de çy­ka­ryl­ýar.
Ak reňk içer­ki ýag­ty­ly­gy iň go­wy de­re­je­de şöh­le­len­dir­ýär. Bu bol­sa so­wa­dy­jy­da­ky iý­mit önüm­le­ri­ni pes ýagtylykda hem aň­sat­lyk bi­len gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, so­wa­dy­jy­nyň iç­ki bö­le­gi plast­mas­sa­dan ön­dü­ril­ýär. Ak reňk­li plas­tik önüm­çi­lik­de amat­ly bo­lup, ar­tyk­maç bo­ýag we hi­mi­ki mad­da­lar go­şul­ma­ýar. Şol se­bäp­li so­wa­dy­jy­lar­da ak reňk­li plas­tik ula­nyl­ýar.
So­wa­dy­ja mi­we­dir gök önüm­ler bi­len bir ha­tar­da, et önüm­le­ri, süýt önüm­le­ri, ýu­murt­ga we ga­lan na­har­lar hem go­ýul­ýar. Iý­mit önüm­le­rin­den de­gen teg­mil ýa-da şi­re ak reňk­de acdyň du­ýul­ýär. Bu bol­sa wagt­ly-wag­tyn­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­li­di­gi­ni ýat­lad­ýar.
So­wa­dy­jy­nyň içi­niň ak reňk­de bol­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri mi­we­dir gök önüm­le­ri ýa-da iý­mi­ti ha­ky­ky öz reň­kin­de gör­kez­me­gi­dir. So­wa­dy­jy­ny aça­nyň­da, azyk we gök önüm­le­riň ter­digini ýa-da za­ýa­la­nyp ug­ran­dy­gy­ny aý­dyň gö­rüp bol­ýar.
So­wa­dy­jy­nyň içi bö­lek-bö­lek bo­lup, aý­ry­lyp, sö­kü­lip-dü­zül­ýän gör­nüş­de ön­dü­ril­ýär. Şeýlelikde, teg­mil­le­ri we ha­pa­ny arassalamak aň­sat bolýar. Ak reňk­li plas­tik­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­mek amat­ly bo­lup, ki­çi­jik ha­pa çen­li saý­ga­ryp bol­ýar.
Ak reňk ýy­ly­ly­gy deň de­re­je­de paý­lap, so­wa­dy­jy­nyň için­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra­nyň şol bir dur­kun­da sak­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu bol­sa so­wa­dy­jy­nyň ka­da­ly we uzak wagt­lap iş­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.