Sport zal­la­ry­na ýa-da tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry­na ba­ra­ny­ňyz­da yzy­gi­der­li maşk ed­ýän tür­gen­le­riň ba­na­ny köp iý­ýän­di­gi­ni gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan is­len­dik adam­dan «Haý­sy mi­we has peý­da­ly?» di­ýip so­ra­nyň­da, el­bet­de, «ba­nan» di­ýip jo­gap ber­ýär. Eý­sem, ba­na­nyň beý­le­ki mi­we­le­r­den nä­hi­li aý­ra­tyn­ly­gy bar­ka?! Tür­gen­le­şik­den soň ba­nan iý­mek tür­gen­le­riň ara­syn­da dö­rän däp­mi ýa-da ha­ky­kat­da­nam wa­jyp­my?! Ge­liň, tür­gen­le­şik­den soň ba­nan iý­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny öw­re­ne­liň!
Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bä­bek­ler­den baş­lap, uly ýaş­ly adam­la­ra çen­li hök­man iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän mi­we­le­riň bi­ri ba­nan ha­sap­lan­ýar. Dü­zü­min­de A, C, B6 wi­ta­min­le­ri, be­lok, sü­ýüm, ug­le­wod hem-de ka­liý, mar­ga­nes, mag­niý ýa­ly mi­ne­ral­la­ry sak­la­ýan sa­ry mi­we tür­gen­ler üçin hem wa­jyp­dyr. Ba­nan ýo­ka­ry hil­li ug­le­wod çeş­me­si bo­lup, tür­gen­le­şik wag­tyn­da myş­sa­la­ryň esa­sy ener­gi­ýa çeş­me­si bo­lan glýu­ko­za bi­len üp­jün ed­ýär.
Or­ta öl­çeg­dä­ki ba­nan­da 105 ka­lo­ri­ýa bo­lup, 27 gram ug­le­wod, 3 gram sü­ýüm, 1,3 gram be­lok we az muk­dar­da ýag sak­lan­ýar. Şeý­le hem bir ba­nan­da 422 mil­lig­ram ka­liý we be­den üçin ze­rur bo­lan B6 wi­ta­mi­ni­niň 25 gö­te­ri­mi sak­lan­ýar. Ba­na­nyň dü­zü­min­dä­ki ka­liý tür­gen­le­şi­giň do­wa­myn­da myş­sa­la­ryň gy­syl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Şeý­le hem ze­per ýe­ten myş­sa­la­ry be­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýan­dy­gy se­bäp­li, tür­gen­le­re her gün 3 ba­nan iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Köp­ler ba­na­ny tür­gen­le­şik­den öň iý­mek ze­rur di­ýip dü­şün­ýär. Em­ma bu pi­kir ýal­ňyş bo­lup, ba­na­ny türgenleşikden soň iý­mek maşk­lar­da sarp edi­len ener­gi­ýa­nyň öwe­zi­ni çalt­lyk bi­len dol­ma­ga we in­di­ki maşk­la­ra taý­ýar­lyk­ly bol­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Umu­man, sa­ry mi­wä­niň maşk­lar­dan öň we soň iý­ilýän­di­gi­ňe ga­ra­maz­dan, bu mi­we tür­gen­le­şi­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Süý­jüm­tik ta­gam­ly sa­ry mi­wä­niň ata Wa­ta­ny Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa, Ma­laý­zi­ýa­nyň jeň­ňel­lik­le­ri ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da In­do­ne­zi­ýa­da, Fi­lip­pin­ler­de, Af­ri­ka­nyň kä­bir se­bi­tin­de ýa­ba­ny ba­na­nyň to­kaý­lyk­la­ry bar. Ba­nan önüm­çi­li­gin­de Hin­dis­tan, Hy­taý, In­do­ne­zi­ýa, Bra­zi­li­ýa, Ek­wa­dor we Fi­lip­pin­ler ýa­ly ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Her ýyl dün­ýä­de 140 mil­li­on ton­na ba­nan sarp edil­ýär. 5-6 top­bak bo­lup, bi­ri-bi­ri­ne bir­le­şip du­ran ba­nan bal­da­gy bi­len bi­le­lik­de ýo­lun­ýar. Gök­lü­gi­ne ýol­nup, ka­gyz gu­tu­la­ra ýer­leş­di­ril­ýän bu mi­we bir­nä­çe hep­dä­niň do­wa­myn­da sa­ra­lyp biş­ýär. Ba­nan nä­çe ga­ral­dy­gy­ça ýo­kum­ly­ly­gy şon­ça-da güýç­len­ýär. Süý­ji ke­se­li we ýo­ka­ry gan ba­sy­şy bo­lan adam­la­ra ba­nan iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.