Imperator Napoleon Bonaparta degişli bolan göwher bezeg 3,5 million şweýsar frankyndan (4,4 million dollar) gowrak baha satyldy. Ženewada geçirilen auksionda ilkinji gezek hödürlenýän bezeg öz bahasyndan 14 esse gymmat satyn alynldy. Bezeg daşynyň diametri takmynan, 4,5 santimetr, agramy 13,04 karata deň bolup, bu gymmatbahaly şaý-sep 100 sany antik usulda taraşlanan göwher bilen bezelendir. Bu bezeg 1810-njy ýylda Imperator Napoleon I üçin ýasalypdyr.