Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 5-nji tapgyrdan soň sanawyň lideri üýtgedi. Tapgyryň merkezi oýnunda soňky çempion “Napoli” topary “Milanyň” myhmany boldy. Duşuşyga ýer eýeleri erjel başlap, ilkinji ýarym sagat tamamlananda “Milan” 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Gollary 3-nji Salemakers, 31-nji minutda bolsa 1-nji goluň pasyny beren Pulişiç tapawutlandy. 2-nji ýarymda myhmanlar has erjel oýun görkezdi. 57-nji minutda “Milanyň” çep gyraky oýunçysy Estupinian gyzyl kart aldy. 60-njy minutda eminiň bellän penaltisini dürs uran De Bruýne aratapawudy azaltsa-da, soňky minutlarda derwezeçi Menýan hasabyň deňlemegine ygtyýar bermedi. Netijede, “Napoli” ilkinji gezek ýeňlip, bassyr 4 duşuşykda ýeňiş gazanan “Milan” 12 utuk bilen sanawyň 1-nji ornuna beýgeldi. “Napoli” topary “Serie A”-da fewraldan bäri ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

“Roma” öz meýdançasynda “Weronany” Dowbyk hem-de Suleniň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Şol hasap bilen “Inter” myhmançylykda “Kaliariden” Lautara Martines hem-de Espositonyň gollary esasynda üstün çykdy. “Ýuwentus” bilen “Atalantanyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady.

5-nji tapgyryň netijeler:

Komo – Kremoneze: 1-1 (Pas 32 – Baskirotto 69),

Ýuwentus – Atalanta: 1-1 (Kabal 78 – Sulemana 45+1),

Kaliari – Inter: 0-2 (Martines 9, Esposito 82),

Sassuolo – Udineze: 3-1 (Loriente 8, Kone 12, Ýannoni 81 – Dewis 55),

Pisa – Fiorentina: 0-0,

Roma – Werona: 2-0 (Dowbyk 7, Sule 79),

Leççe – Bolonýa: 2-2 (Kulibali 13, Kamarda 90+4 – Orsolini 45+1 p, Odgor 71),

Milan – Napoli: 2-1 (Salemakers 3, Pulişiç 31 – De Bruýne 60 p),

Parma – Torino, Jenoa – Lasio (şu gije)