24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Resminama laýyklykda, Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini ýokarlandyrmak üçin pudaga öňdebaryjy tejribäni giňden çekmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.