Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ähli ugurlarda ösdürmekde iri taslamalar amala aşyrylýar, ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak, sarp edijileri üpjün etmek işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine olaryň şu ýylyň geçen dört aýynda gazanan önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň
PETRONAS kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Halkara duşuşykda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.
Häzirki wagtda mawy ýangyjyň baý gorlaryny özünde jemleýän sebitde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi dowam edýär. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Mary welaýatynda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy. Munuň özi sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň we sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädimdir.
Leýla ÝEGELEKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.