Eziz Wa­ta­ny­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy ul­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ne­bit­gaz pu­da­gy­ny kö­pu­gur­ly ös­dür­mä­ge mö­hüm üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň äti­ýaç­lyk gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň tap­gyr­la­ýyn öz­leş­di­ril­me­gi türk­men te­bi­gy ga­zy­ny hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňeld­ýär. Ma­wy ýan­gy­jyň eks­por­ty­ny kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na üns be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň köp kün­jek­le­rin­de geo­lo­gik-bar­lag, ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň giň ge­rim­de ge­çi­ril­me­gi bi­len, tä­ze mag­lu­mat­lar, ne­ti­je­ler alyn­ýar.
Ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny giň­den ýaý­mak, ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek mak­sat­la­ryn­da hal­ka­ra fo­rum­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Fo­rum­lar­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­ni, ug­ra­dyl­ma­gy­ny we sarp edil­me­gi­ni gur­şap al­ýan äh­lu­mu­my ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ýö­rel­ge­le­ri, ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­ge­ti­ka­ny, ug­le­wo­do­rod­la­ry ga­zyp al­mak­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we nou-hau­la­ry ös­dür­mek, me­ta­nyň we ugur­daş gaz­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak ýa­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Ne­bit­gaz-hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk sak­la­mak Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de stra­te­gik ugur bo­lup dur­ýar. Önüm­çi­lik pu­da­gy­na döw­let we da­şa­ry ýurt ma­ýa­la­ry­ny çek­mek­de yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ile­ri tu­tul­ýan mag­dan we gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry ös­dür­mä­ge uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­di. Gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi bi­len, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk za­wod­la­ryň iki­si gur­lup ula­ny­şa be­ril­di.
Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ýa­po­ni­ýa ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça ne­bit­gaz-hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mö­hüm yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly oba­syn­da kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 1,155 müň ton­na kar­ba­mid önüm­çi­lik za­wo­dy­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek, üp­jün et­mek we do­ly gu­rup tab­şyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Çar­çu­wa­ly yla­la­şy­gy hem-de «Ahal we­la­ýa­tyn­da gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän ikin­ji za­wo­dyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek, üp­jün et­mek we do­ly gu­rup tab­şyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Çar­çu­wa­ly yla­la­şy­gy gör­kez­mek bo­lar. Da­ni­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Hal­dor Top­soe» teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da tas­la­ma­laş­dy­ry­lan dün­ýä­de il­kin­ji gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ben­zin ön­dür­ýän za­wod 2019-njy ýy­lyň 28-nji iýu­nyn­da ulan­ma­ga ber­lip­di. Bu ýer­de her ýyl­da «ma­wy ýan­gy­jyň» 1 mil­liard 410 mil­li­on kub­met­ri gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär hem-de ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ECO – 93 ben­zin ön­dü­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da soň­ky ýyl­lar­da oba ho­ja­ly­gy­ny ýo­ka­ry ne­ti­je­si bo­lan mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len üp­jün edil­me­gi ba­bat­da iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lyp, döw­re­bap za­wod­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­kyn ýyl­lar­da Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de iri gaz-hi­mi­ýa top­lu­my bo­lan kar­ba­mid za­wo­dy gur­lup ulan­ma­ga ber­lip­di. Bu top­lum­da bir gi­je-gün­diz­de 3 müň 500 ton­na, bir ýyl­da bol­sa 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni ön­dü­ril­me­gi ýo­la goý­lup­dy.
No­bat­da­ky ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar ýur­du­my­zyň se­na­gat kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­mak bi­len, ne­bit­gaz pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant bo­lar.

Ýaz­gül ORAZ­BER­DI­ÝE­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.