Dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­rest da­gy­na Hy­taý­dan we Ne­pal­dan ba­ryp bol­ýar. Bu ýurt­da da­ga dyr­maş­mak tö­leg­li bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lyk­dan ep-es­li gir­de­ji ga­za­nyl­ýar. Ne­pal­da baş­ga-da bir­nä­çe be­ýik dag ge­riş­le­ri bar. Ýurtda sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len 97 dag ger­şi­ne çyk­ma­k gel­jek 2 ýyl üçin tö­leg­siz edildi. Ewe­res­te dyr­maş­magyň tölegi bol­sa, 10 ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek ýokarlandyry­lyp, 15 müň amerikan dol­la­ryna ýe­ti­ril­di. Ýur­duň Sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­sy tä­ze nyrh­na­ma­nyň sent­ýabr aýyn­da güý­je gir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Ýer ýü­zün­dä­ki iň be­ýik 10 da­gyň 8-si Ne­pa­lyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Ge­çen ýyl da­ga dyr­maş­mak üçin ber­len rug­sat­na­ma­lar­dan je­mi 5,9 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ga­za­ny­lyp­dyr. Onuň dört­den bi­ri Ewe­res­te çyk­mak üçin tö­le­nip­dir.
Tö­leg­siz ýag­da­ýa ge­ti­ri­len dag ge­riş­le­ri Ne­pa­lyň Kar­na­li we Su­dur­paş­tin we­la­ýat­la­ry­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýär. Ola­ryň be­ýik­li­gi 5 müň 970 metr­den 7 müň 132 metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Soň­ky 2 ýyl bu dag­la­ra ba­ry-ýo­gy 68 adam çy­kan bol­sa, ge­çen ýyl di­ňe Ewe­res­te çyk­mak üçin 421 ada­ma rug­sat ber­lip­dir.

Aýbölek Berdiýewa,
Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwiniň ylmy maglumat toplumy boýunça uly ylmy işgäri.