Neýroimplantlary döretmäge ýöriteleşen Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan “Neuralink” kompaniýasy 2026-njy ýylda bütinleý kör hassalarda görüşi dikeltmek boýunça ilkinji amallary meýilleşdirýär. Ilon Mask Kanadada geçirilen ilkinji operasiýa baradaky habarlary teswirläp şeýle diýdi: “Geljek ýyl düýbünden kör adamlaryň görüşini bölekleýin dikeltmek niýetimiz bar.”