Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
(Hekaýa)
Dowamy
(Üçünji bölüm)
Soňra Almitra ýene-de sözüni dowam etdirip:
– Ussat, eýsem, nika barada näme aýdarsyňyz? – diýdi.
Ol şeýle jogap berdi:
– Siz biri-biriňiz üçin doguldyňyz, ömürlik hem bile bolarsyňyz.
Hatda bakyýete göçüň ak ganatlary günleriňize saýa salsa-da, biri-biriňizden jyda düşmersiňiz.
Hatda siz Taňrynyň ümsüm hakydasynda-da bileje bolarsyňyz.
Ýöne goý, siziň birligiňizde belli bir aralyk bolsun, goý, asman şemallary araňyzda tans etsin.
Biri-biriňizi söýüň, ýöne söýgüden zynjyr ýasamaň:
Goý, bu söýgi siziň göwünleriňiziň kenarlarynyň arasynda möwç urýan deňiz bolsun!
Biri-biriňiziň käsesini dolduryň, ýöne şol bir käseden içmäň.
Çöregiňizi birek-birege beriň, ýöne şol bir döwüm çörekden iýmäň.
Bilelikde aýdym aýdyň, tans ediň, şadyýan boluň, ýöne negada biri-biriňize ýalňyz galmaga ýol beriň.
Hatda lýutnýanyň tarlary birmeňzeş owaz çykarsalar-da, ýalňyz durýarlar.
Ýüregiňizi birek-birege beriň, ýöne eýelik etmek üçin däl.
Çünki diňe durmuşyň eli siziň ýürekleriňize eýelik edip biler.
Bileje boluň, ýöne birek-birege gaty ýakyn däl.
Çünki gözel ymaratlaryň sütünleri hem aýratyn durýar. Dubdur serwi agaçlary hem biri-biriniň saýasynda ösmeýär.
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.