Çaý dün­ýä­de agyz su­wun­dan soň, iň köp içil­ýän ýör­gün­li içim­lik­le­riň bi­ri bo­lup, müň­ýyl­lyk­la­r­dan göz­baş alyp gaýdýar. Dün­ýä­de ça­ýyň 1500-den gow­rak gör­nü­şi bar. Çaý Azi­ýa­nyň kä­bir ýer­le­rin­de ýa­ba­ny ös­ýär, ýö­ne 25-den gow­rak ýurt­da bu ösüm­lik ýö­ri­te ekil­ýär. Hy­taý­ly tä­jir­le­riň ça­ýy dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne ýaý­rat­ma­gy bi­len bu içim­li­giň meş­hur­ly­gy ar­typ baş­la­ýar. Adam­lar ça­ýyň ta­ga­my­ny alan­soň­lar, bu içim­li­gi gün­de­lik dur­mu­şy­na or­naş­dyr­ýar­lar. Hat­da çaý iç­mek kä­bir hal­kyň mil­li dä­bi­ne hem öw­rül­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dür­li halk­lar­da çaý iç­mek me­de­ni­ýe­ti bi­len bag­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Türk­me­nis­tan. Çaý türk­me­niň naz-nyg­mat­dan do­ly be­re­ket­li sa­ça­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Hal­ky­myz­da mil­li ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da, ge­len myh­ma­na sa­çak ýa­zy­lyp, il­ki bi­len, çaý go­ýul­ýar. Çäý­nek­de ma­za­ly­ja de­mi­ni alan gök çaý­dan bir­ki kä­se içi­lip, hal-ah­wal so­ra­şyl­ýar, gy­zyk­ly gür­rüň­ler edil­ýär. On­dan soň­ra myh­ma­na na­har çe­kil­ýär. Türk­men­çi­lik­de çaý taň­ka­da ýa-da tüň­çe­de, oja­ryň odu­na gaý­na­dy­lan su­wa aty­lyp, kö­züň ba­şyn­da de­mi­ne go­ýul­ýar. Tüs­sä­niň ysy çy­kan hoş­boý çaý daş çäý­nek­le­re guý­lup, no­gul-na­bat­, kiş­miş­dir-kiş­de bi­len hö­dür edil­ýär.
Hy­taý. Dün­ýä­de çaý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň iň amat­ly ül­ke­si Hy­taý bo­lup, bu ýurt­da oo­long, jas­min we gun­pou­der ýa­ly meş­hur çaý­la­ryň ýüz­ler­çe gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, IX asyr­da Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ar­ka­ly hy­taý çaý­la­ry dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne ýaý­rap baş­la­ýar. Il­ki­baş­da der­man­lyk mak­sa­dy bilen peý­da­la­ny­lan bu ösüm­lik, soň­ra meş­hur içim­lik­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Hy­taý­da çaý iç­mek dur­mu­şyň bir ýö­rel­ge­si hasaplanýar. Bu ýer­de «Ça Dao» (çaý taý­ýar­la­mak) mil­li sun­ga­ty ösen de­re­je­de bo­lup, hy­taý me­de­ni­ýe­ti bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýurt­da çaý taý­ýar­la­mak (Gong­fu cha) da­ba­ra­la­ry hem ge­çi­ril­ýär.
Ýa­po­ni­ýa. «Gü­nüň dog­ýan ýur­dy» meş­hur mat­ça ça­ýy bi­len ta­nal­ýar. XII asyr­dan göz­baş al­ýan bu içim­lik hä­zir­ki wagt­da-da il­ki­baş­da­ky gör­nü­şin­de taý­ýar­la­nyl­ýar. Kül­ke edi­lip ow­ra­dy­lan bu çaý açyk ýa­şyl reň­ki bi­len beý­le­ki çaý­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Mat­ça Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän Ça­do (Çaý ýo­ly) da­ba­ra­syn­da hö­dür­len­ýän iň lez­zet­li içim­lik­le­riň bi­ri­dir.
Hin­dis­tan. Dün­ýä­de ça­ýy iň köp ön­dür­ýän we eks­port ed­ýän Hin­dis­tan­da bu içim­li­giň taý­ýar­la­ny­ly­şy­na uly üns be­ril­ýär. Hin­dis­ta­nyň mil­li içim­li­gi «çaý» di­ýip at­lan­dy­ry­lyp, ol hoz ýap­ra­gy, dal­çyn, burç, kar­dom we ýo­run­ja ýap­rak­la­ry ga­ry­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Hin­di­ler myh­ma­na il­ki bi­len asyr­lar­bo­ýy meş­hur bo­lan bu içim­li­gi­ni hö­dür ed­ýär­ler. «Bol­ly­wo­od»-yň ýur­dun­da çaý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän­ler we çaý­pu­ruş­lar (çaý sa­ty­jy) jem­gy­ýe­tiň esa­sy bö­le­gi bo­lup, şä­her mer­kez­le­rin­de hem-de kö­çe­ler­de aý­ra­tyn çaý dü­kan­la­ry bar.
Tai­land. Bu ýurt «Taý buz­ly» ça­ýy, ýag­ny «cha-yen» bi­len meş­hur­dyr. Ýur­duň res­to­ran­la­ryn­da uly is­leg bilen sar­gyt edil­ýän bu içim­lik bu­zuň üs­tü­ne ajy ga­ra ça­ýyň gu­ýul­ma­gy esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Şeý­le hem bu içim­li­giň has-da ta­gam­ly bol­ma­gy üçin dalçyn, mä­mi­şi gül hem-de ýyl­dyz ani­si go­şul­ýar. «Taý buz­ly» ça­ýy ys­sy ho­wa­da has-da lez­zet­li bol­ýar.
Ma­rok­ko. De­mir­ga­zyk Af­ri­ka ýur­du­na is­len­dik wagt bar­sa­ňyz, hoş­boý ys­ly ça­ýy tua­reg bi­len gar­şy alarlar. Bu içim­lik Ma­rok­ko­nyň me­de­ni­ýe­ti­ne do­ly or­na­şyp, myh­man­sö­ýer­lik bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Adat­ça, tua­reg 30 san­ti­metr ýo­ka­rdan 3 py­ýa­la guý­lup, myh­ma­na hö­dür edil­ýär. Her py­ýa­la­nyň hem bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly öz­bo­luş­ly ta­ga­my bo­lup, bu däp Ma­rok­ko­nyň mil­li me­de­ni­ýe­tin­de: bi­rin­ji dur­muş ýa­ly süý­ji, ikin­ji söý­gi ýa­ly güýç­li, üçün­ji aý­ra­lyk ýa­ly ajy ma­ny­syn­da dü­şün­di­ril­ýär.
Şri-Lan­ka. Önüm­çi­lik­de iň meş­hur çaý­la­ryň bi­ri bo­lan «seý­lon» ça­ýy, Seý­lon ada­sy­nyň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. XVII asyr­da Şri-Lan­ka Hin­dis­tan­dan ça­ýyň kä­bir gör­nü­şi ge­ti­ri­lip, çaý ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Şri-Lan­ka çaý eks­port et­mek­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Seý­lon ça­ýy­ny ko­kos we pal­ma şe­ke­ri bi­len bi­le­lik­de iç­seň has-da ta­gam­ly bol­ýar.
Taý­wan. Meş­hur babl ça­ýy­nyň Wa­ta­ny Taý­wan ha­sap­lan­ýar. 1980-nji ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan kö­pür­jik­li ça­ýy taý­ýar­la­mak üçin çaý, süýt, mi­we we ta­pio­ka krahmal düw­me­jik­le­ri go­şul­ýar. Bu çaý adat­ça uzyn aý­na ga­ba sal­nyp, tur­ba­jyk bi­len bi­le hö­dür­len­ýär.
Tür­ki­ýe. Çaý önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lan Tür­ki­ýe­de, esa­san, ga­ra çaý içil­ýär. Çaý­ly hyz­mat et­mek türk me­de­ni­ýe­ti­niň we myh­man­sö­ýer­li­gi­niň esa­sy bö­le­gi bo­lup, ga­ra ça­ýyň ýa­ny bi­len gant hem hö­dür edil­ýär. Bu ýurt­da çaý adatça «inçe billi», süýn­mek aý­na sta­kan­da içil­ýär. Bu ýag­daý ça­ýyň reň­ki­ni syn­lap, on­dan lez­zet al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.