2025-nji ýylyň fizika, lukmançylyk, himiýa, ykdysadyýet we edebiýat ugurlary boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde geçirildi.
Stokgolm konsert zalynda (Konsert Huset) geçirilen dabara Şwesiýanyň Patyşa maşgalasynyň agzalary, Premýer-ministr Ulf Kristersson, ministrler, partiýa wekilleri, daşary ýurtlaryň wekilleri, baýrak eýeleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Sylaglary baýrak eýelerine Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw gowşurdy.
Fizika boýunça baýrak Jon Klarka, Mişel Dewore we Jon Martinise; himiýa boýunça baýrak Susumu Kitagawa, Riçard Robsona we Omar M. Ýagie; lukmançylyk boýunça baýrak Meri Brankowa, Fred Ramsdelle we Şimon Sakaguçie; ykdysadyýet boýunça baýrak; Joel Mokire, Filipp Agion we Piter Hawitte; edebiýat boýunça baýrak bolsa, Laslo Krasnahorkaie berildi.
Nobel baýragynyň eýelerine diplom, Nobeliň medaly we 11 million şwed kronyna deň pul baýragy gowşuryldy.
Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylyň Nobeliň parahatçylyk boýunça baýragynyň eýesi Mariýa Korina Maçado dabara gatnaşyp bilmedi, şonuň üçin onuň gyzy Ana Korina Sosa Norwegiýanyň Oslo şäherinde geçirilen dabarada ejesiniň adyndan baýragy kabul etdi.
PDF









