Norwegiýanyň Týonsberg şäherinde arheologlar üýtgeşik tapyndyny — takmynan 800 ýyllyk altyn ýüzügi ýüze çykardylar. Bu gadymy tapyndy arheolog Linda Osheým tarapyndan topragyň takmynan 7 santimetr çuňlugyndan tapyldy we ol Norwegiýanyň Medeni mirasy barlag instituty (NIKU) tarapyndan eýýäm “arzuw edilen tapyndy” diýlip atlandyryldy.
Ýüzügiň tapylan toprak gatlagynyň ýaşy anyklanmady. Emma arheologlar ýüzügiň ýokarsyndan kiçijek arça şahasyny tapdylar. Organiki materiallaryň ýaşyny kesgitlemek üçin ulanylýan radiouglerod seljermesi arkaly bu şahanyň 1167-nji we 1269-njy ýyllar aralygyndaky döwre degişlidigi anyklandy. Şoňa görä-de, bu gymmatbahaly şaý-sep, ähtimal, has gadymydyr, sebäbi ol toprakda şahanyň aşagynda ýerleşipdir.
Altyndan ýasalan bu ýüzük, gök reňkli süýri daş (ähtimal, sapfira meňzedilip ýasalan aýna) bilen bezelipdir hem-de inçe işleme (filigran) we dänelemek (granulýasiýa) usuly arkaly baý bezegler bilen bezelipdir.
Hünärmenleriň pikiriçe, ýüzük jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli bolan bir zenan maşgala degişli bolupdyr. Beýle tapyndylara örän seýrek duş gelinýär. Norwegiýanyň milli maglumatlar binýadynda orta asyrlara degişli jemi 63 sany altyn ýüzük hasaba alnan bolsa, Týonsbergde soňky 15 ýylyň içinde beýle şaý-sep ilkinji gezek tapyldy.