Premýer-ministr Ýonas Gahr Stýoreniň ýolbaşçylygyndaky Norwegiýanyň Zähmet partiýasy ýurduň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berýär.
Saýlawlarda dolandyryjy Işçiler partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky çepçi toparyň hem-de Ösüş we konserwatoralr partiýasynyň agdyklyk edýän sagçy toparynyň arasynda göreş bolandygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, ýurduň merkezi çepçi topary Ösüş partiýasynyň ýokary netijelerine garamazdan, häkimiýetde galmagyň hötdesinden geldi
Şol bir wagtyň özünde, Ösüş partiýasy ikinji orny eýeläp, taryhynda iň gowy netijäni görkezdi. Onuň lideri Silwi Listhýoug bu gazanylan netijeden razy, ýöne “adamlar we işewürler üçin kyn 4 ýyl garaşýar” diýip gynanç bildirdi.
Resmi netijeler yglan edilenden soň birnäçe hepde dowam etjek koalisiýa gepleşiklerine garaşylýar. Saýlawdan öň dartgynly saýlaw kampaniýasy geçirilip, onuň dowamynda XIX asyrda baýlyk üçin girizilen salgyt temasy boldy.
“Euronews” teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, Norwegiýanyň Zähmet partiýasy üçin baýlyk salgydy ykdysady syýasatyň sütünlerinden biri bolmagynda galýar. Konserwatorlar hem öz gezeginde, bu salgydy azaltmagy maksat edinýärler, Ösüş partiýasy bolsa, onuň doly ýatyrylmagyny makul bilýär.
PDF









