Nýam-Osoryn Uçral duşenbe güni Mongoliýanyň 35-nji Premýer-ministri wezipesine bellendi. Onuň dalaşgärligi häkimiýet başyndaky Mongoliýanyň halk partiýasy (MHP) tarapyndan öňe sürüldi.
126 orunlyk Beýik döwlet huralynyň (parlamentiň) plenar mejlisine 107 deputat gatnaşdy we olaryň 82,2 göterimi Uçraly goldady.
Ýatladyp geçsek, mundan ozalky Premýer-ministr Gombožawyn Zandanşatar 27-nji martda öz islegi bilen wezipesinden çekilipdi.
MHP-niň başlygy Uçral 30-njy marta çenli parlametiň spikeri wezipesini hem eýeleýärdi. Syýasatçy Premýer-ministrlige dalaşgär hökmünde görkezilenden soň, bu wezipesinden çekildi.
PDF









