10-njy ýanwarda Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 53-nji halkara kitap sergisi öz işine başlady. Dokuz günüň dowamynda geçiriljek sergä 35-den gowrak ýurtdan müňden gowrak neşirýatçy gatnaşýar. Çäräniň dabaraly açylyşyna Bilim ministri Darmendra Pradan gatnaşdy.
Pradan öz çykyşynda kitaplaryň bütin nesilleri birleşdirýän, medeniýetleriň hakydalaryny gorap saklaýan we jemgyýete dogry ýol görkezýän bilim çeşmesidigini belledi. Ol Nýu-Deli halkara kitap sergisini ýurduň kitap okamak medeniýetiniň iň uly baýramy diýip atlandyrdy we bu çäräniň dünýä neşirýatçylary üçin abraýly hem-de ynamdar meýdança öwrülendigini nygtady.
Bilim ministri sanly eýýamda ýurduň hökümetiniň esasy wezipesiniň bilimi elýeterli we hemme taraplaýyn etmekdigini, bu ýerde diliň böwet däl-de eýsem, köpri bolup hyzmat etmelidigini aýtdy. Ol sergide ýerleşýän Milli e-kitaphana arkaly 23-den gowrak dilde 6000-den gowrak mugt elektron kitabyň elýeterli boljakdygyny habar berdi. Bu kitaplarda “tekstden-sese” (text-to-speech) ýaly döwrebap funksiýalar hem bolar. Žurnalistler bilen söhbetdeşlikde ministr hökümetiň ýaşlaryň arasynda kitap okamak endigini höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini ýene bir gezek belledi.
Şu ýylky serginiň mowzugy: “Hindistanyň harby taryhy: Batyrlyk we bilim @ 75”. Serginiň esasy merkezi bolan tematik diwarlyk uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde harby taryha degişli 500-den gowrak kitap sergilenýär we tema degişli 100-den gowrak çäre meýilleşdirilýär. Kitap sergisi 18-nji ýanwara çenli dowam eder.