Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň guwandyryjy netijeleri ýurdumyzyň üstünliklere beslenýändigini görkezip, ösüşiň mekany hökmünde Watanymyzy şöhratlandyrýar.
2025-nji ýylda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga
8 göterim, süýt 2,1 göterim artypdyr. Bu maglumatlar milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünliklerde oba hojalyk pudagynyň goşandynyň uludygyny we durnukly ösýändigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, her bir ulgamda, şol sanda oba hojalyk pudagynda üstünlikleriň gazanylmagy, ilkinji nobatda, belent maksat tutmakdan, wezipeleri kesgitlemekden başlanýar. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz beýleki pudaklar bilen birlikde oba hojalyk pudagynda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Şonda Arkadagly Gahryman Serdarymyz azyk bolçulygyny artdyrmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, önümçilikleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzda ykdysadyýetde uly üstünlikler gazanylyp, azyk howpsuzlygy üpjün edildi. Daýhanlary azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmäge höweslendirmek maksady bilen, tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan önümleriň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylyp, wagtly-wagtynda hasaplaşyk işleri geçirilýär. Dökünleriň dürli görnüşleri bilen ýeterlik üpjün edilýär. Galyberse-de, azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şol sanda däneçiligi, bugdaýdan bol hasyl almagy ylmy esasda kämilleşdirmek meselesi aýratyn üns merkezinde saklanylýar.
Pagta Türkmenistanyň eksportynyň agramly bölegini eýelemek bilen, sazlaşykly ösýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ak pagtanyň ýumşak süýüminden diňe bir ýüplük, mata we lybas taýýarlanylman, lukmançylyk pamygy, arassaçylyk we tehniki maksatly serişdeler hem öndürilýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ýüpekçilik ugrunyň ylmy esasda ösdürilmegi, pile öndürijilere ýokary hasyl almak üçin şertleriň döredilmegi netijesinde, dokma senagatynyň zerur çig maly bolan piläniň önümçiligi ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýüpek gurçuklarynyň iýmit goruny döretmek maksady bilen, tut agaçlary ösdürilip ýetişdirilýär, bagbanlarymyz tut meýdanlaryny ýyl-ýyldan artdyrýarlar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli dowam edýän, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralarynyň ähmiýetini hem aýratyn bellemek gerek. Her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek çäreleri ildeşlerimiziň watansöýüjiliginiň, agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň beýany bolup, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatdaky çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy halkymyzyň asylly zähmet däpleriniň we ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagyny rowaçlandyrýar.
Döwlet DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









