Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda ösüşiň belent sepgitlerine ýetildi. Häzirki wagtda Diýarymyzda oňyn özgertmeleriň uly toplumynyň amala aşyrylmagy netijesinde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini bütin dünýä ykrar edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen kabul edilen il-ýurt bähbitli maksatnamalar, adam hakyndaky alada tutuş halkymyzy uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki şeýle asylly çözgütler ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli ösüşleri gazanmakda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda örän möhümdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine sary öňe barýan Diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.
Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu ösüş-özgerişe goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Şu ýyl oba hojalyk pudagynda hem oňyn ösüşler we özgertmeler gazanyldy. Türkmen pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, ýokary hilli «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gallaçylarymyz bolsa meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyrdylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler hem uly üstünlikleri gazandylar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we oňa hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny kämilleşdirmek boýunça geçirýän özgertmeleri önüm öndürijilere ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, bereketli türkmen topragyndan öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge, azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Edermen oba zähmetkeşlerine işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, dökünleriň we himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär.
Oba hojalygynda pagtaçylyga has uly ähmiýet berilmegi, okgunly ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig malyň ýeterlik bolmagyna mümkinçilik berdi. Türkmen nah ýüplüklerine, matalaryna, trikotaž we jins matalaryna hem-de taýýar önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Pagta süýüminden ýüplükler, matalar we egin-eşikler taýýarlanylýar. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetiki serişdeler, dokalmaýan serişdeler hem-de tehniki maksatly önümler öndürilýär. Pagta birnäçe azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda pagta ýagy aýratyn ähmiýete eýedir. Gowaça gülüniň baly bolsa melhemlik häsiýete eýedir.
Umuman, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagynyň galkynmagy oba adamlarynyň abadan durmuşynyň binýady bolup hyzmat edýär. Bu möhüm pudakdaky ösüşleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Saparmyrat MUKYMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.