Gomeriň meşhur «Odisseýa» eposynyň iňlis dilindäki terjimesiniň satylan nusgalarynyň umumy sany bir milliondan geçdi. Bu barada «phillyvoice.com» neşiri habar berýär. Kitaby neşir eden «W.W.Norton & Company» neşirýat öýüniň berýän maglumatlaryna görä, diňe içki bazarda kitabyň kagyz görnüşiniň satylyşy 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 40 göterim töweregi artdy. Nusgawy edebiýat boýunça alymyň galamyna degişli kitap üçin bu örän seýrek duş gelýän uly üstünlikdir.

Bu terjimäniň awtory Pensilwaniýa uniwersitetiniň antik edebiýat boýunça professory Emili Uilsondyr. Ol 2017-nji ýylda «Odisseýany» iňlis diline doly geçirmek bilen, antiki eposy iňlis dilinde neşir eden ilkinji zenan alym hökmünde taryha girdi. Professor Uilson mundan başga-da Gomeriň «Iliada» eposyny, şeýle hem Ewripidiň we Senekanyň eserlerini iňlis diline üstünlikli terjime etdi.

Eposyň satylyşynyň kesgitli derejede köpelmegine golaýda kinorežissýor Kristofer Nolanyň öz täze filminiň ssenariýasynda hut ussadyň şu terjimesine salgylanmagy we kitapdaky sitatalary ulanmagy hem uly täsir etdi. Şeýle-de bolsa, Emili Uilson «London Review of Books» neşirindäki makalasynda Nolanyň ssenariýasyna ýokary baha bermedi. Ol öz makalasynda ssenariniň amala aşyrylyşyna pes baha berip, filmde wagt, ýat, taryh we uruş mowzuklarynyň doly açylyp görkezilmändigini aýtdy.