Fransiýanyň PSŽ topary “Aston Willadan” çep gyraky goragçy Luka Dini düzümine goşdy. Parižliler  33 ýaşyndaky fransuz oýunçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. PSŽ topary Luka Diniň transferi üçin iňlis toparyna 10 million ýewro möçberinde töleg eder. Şeýlelikde, Luka Din 11 ýyldan soň PSŽ toparyna gaýdyp geldi. Ol 2013-15-nji ýyllar aralygynda PSŽ-de oýnapdy. “Lillde” futbola başlan Luka Din PSŽ-den soň, “Roma”, “Barselona”, “Ewerton”, “Aston Willa” klublarynyň köýnekçelerini geýipdi.

Luka Din Fransiýanyň milli ýygyndysynda 64 duşuşykda meýdança çykdy. Luka Diniň 11 ýyldan PSŽ-däki ilkinji duşuşygyny UEFA Super Kubogy oýnunda öňki topary “Aston Willanyň” garşysyna geçirmegi mümkin.