Şu ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisine bolan gyzyklanma barha artýar. Guramaçylar gatnaşyjylaryň işjeň hasaba alynýandygyny we sergi meýdançalarynyň dolulygyna eýelenendigini we bu ýagdaýyň forumyň ähmiýetini hem-de sebitdäki energetika ulgamynyň esasy wakalarynyň biri hökmünde onuň ornuny nygtaýandygyny belleýärler.
Işjeň halkara gatnaşyk
Takmynan, 40 ýurtdan 300-den gowrak halkara wekil özleriniň gatnaşygyny tassykladylar. Bu bolsa çäräniň dünýä derejesindäki gyzyklanma eýediginiň subutnamasydyr.
Ähli sergi meýdançalary çäräniň başlanmagyndan birnäçe aý öňünden bellenildi. Bu hem OGT-niň Ýewraziýa sebitinde öňdebaryjy B2B-B2G (B2B:Business to Business, B2G Business to Government) meýdançasy hökmünde derejesini tassyklaýar.
Dünýä derejesindäki abraýly çykyş edýänleriň gatnaşmagy
Maslahatyň üns merkezinde bütindünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleriniň çykyşlary bolar:
Andrea Steýjer – Halkara Gaz Bileleşiginiň prezidenti esasy çykyş edýän hökmünde gatnaşýandygyny tassyklap, gaz pudagyna degişli dünýä derejesindäki garaýyşlaryny Aşgabada getirer.
Şeýle hem Bütindünýä Gaz Merkeziniň (GGM) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukronyň çykyş etmegine garaşylýar.
Çäräniň maksatnamasynda Deniýel Ýerginiň («Pulitzer» baýragynyň eýesi, «CERAWeek»-iň ýolbaşçysy, S&P Global kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary), PETRONAS kompaniýasynyň wise-prezidenti Mohd Redhani bin Abdul Rahmanyň, «Baker Hughes» kompaniýasynyň Nebit meýdan hyzmatlary we enjamlary boýunça Ýewropa sebitiniň hem-de Hazar geozonasynyň ýerine ýetiriji direktory Aleksis Dewisiň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Çäräniň esasy pursatlary: mowzuklar we başlangyçlar
OGT 2025 «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş.» şygary astynda geçirilip, şu aşakdaky mowzuklary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar:
Bütindünýä energetika geçişi, uglewodorod zyňyndylaryny azaltmak we uglewodorodlary gazyp almakda emeli aňyň orny.
Maýa goýum mümkinçilikleri: «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň indiki tapgyrlary, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen böleginde şelf bloklarynyň özleşdirilmegi, şeýle hem Gün we ýel energiýasy boýunça taslamalar we şol sanda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gibrid elektrik bekedi.
Tehnologiýa boýunça innowasiýalar: S&P Global Platts kompaniýasy bazaryň ösüş ugurlary we sanly ulgam üýtgeşmeleri boýunça tegelek stol maslahatyny geçirer; Nebit inženerleri jemgyýeti (SPE) we Gaffney Cline kompaniýasy gazyň ýerasty saklanyşy hem-de CO2 tutmagyň meselelerine bagyşlanjak mejlisleri gurarlar.
Üns merkezinde ýaşlar we geljegiň başarnyklary
SPE bilen bilelikde geçiriljek «Ýaşlaryň garaýşy: zehinler, başarnyklar we emeli aň – geljegiň hünärmenlerini kemala getirmek» atly tegelek stol maslahaty üns merkezinde bolar. Maslahata «Dragon Oil», «Eni» we «PETRONAS» we Türkmenistanda hereket edýän energetika kompaniýalarynyň işgärler bölüminiň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Gatnaşyjylar XXI asyryň ýaşlarynyň zähmet ýoluna üstünlikli başlamaklary üçin zerur bolan sanly sowatlylyk we çylşyrymly meseleleri çözmek, durnukly ösüşiň we medeniýetara özara gatnaşyklaryň ýörelgelerine düşünmek ýaly wajyp başarnyklary ara alyp maslahatlaşarlar. Bu mejlis öz hünär ösüşini tizleşdirmäge we öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň hataryna goşulmaga çalyşýan ýaş hünärmenler üçin gymmatly görkezme bolar.
OGT 2025-iň ähmiýeti
OGT Türkmenistanyň Ýewraziýa sebitinde strategiýa taýdan möhüm energetika merkezi hökmünde ornuny berkitmegini dowam etdirýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça täze taslamalar we ýokary derejeli halkara gatnaşyk uglewodorodlaryň we «ýaşyl» energiýanyň deňagramlylygyna esaslanýan pudagy ösdürmegiň täze ugruny görkezýär.
Forum maýa goýujylar, döwlet düzümleri we innowasion kompaniýalar üçin öňdebaryjy meýdança hökmünde çykyş edip, gepleşik, hyzmatdaşlyk we täze strategik çözgütler üçin amatly şertleri döreder.
Goşmaça maglumat üçin: www.ogt-turkmenistan.com web-sahypasyna seredip bilersiňiz.