Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Çäre 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda, “Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş” şygary bilen geçiriler.

Halkara çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we maýa goýumlaryny çekmek, şeýle hem täze işewür gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Sergide döwrebap tehnologiýalar, sanly çözgütler, awtomatlaşdyryş ulgamlary, ekologik we logistika çözgütleri görkeziler.

Çäräni “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de “Türkmen Energy Forum” hojalyk jemgyýeti guraýar. Halkara maslahata we sergä nebit-gaz kärhanalary, inženerçilik we hyzmat kompaniýalary, senagat enjamlaryny öndürijiler, tehnologik we sanly çözgütleri işläp düzüjiler gatnaşarlar.

OGT 2026-nyň dowamynda gatnaşyjylar täze tehnologiýalar bilen tanşyp, tejribe alyşmaga, geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.

30 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilip gelýän OGT forumy döwlet edaralarynyň, halkara energetika kompaniýalarynyň, maýadarlar we hünärmenleriň gatnaşýan möhüm halkara meýdançalarynyň biridir.