Hindistan Respublikasynyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEС) guramasy tarapyndan 20-24-nji ýanwarda “Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Okuwa 12 döwletden, 17 sany ylmy işgär we inžener, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy M.Toýjanow gatnaşdy.
Okuw saparynyň maksady, Hindistanyň iň öňdebaryjy kollejleriniň biri bolan NTPC (National Thermal Power Corporation) biznes mekdebiniň Energetikany dolandyrmak institutynda (Power Management Institute) gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Gün, ýel, wodorod energiýasy arkaly mikrotorlary döredip, olaryň öndürilişini, paýlanyşyny, saklanyşyny nazary taýdan we tejribe üstünde öwrenmekden ybaratdyr. Bu okuw saparynyň dowamynda dünýäde karbon zyňyndylaryny azaltmagyň we energiýa ýetmezçiligini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly ýetirmegiň zerurlygy, olaryň ykdysadyýeti we inženerçilik taraplary barada Hindistanyň professorlary, telekeçileri we inženerleri tarapyndan okuw sapaklary guraldy. Şeýle hem okuw saparynyň çäklerinde NETRO (NTPC Energy Technology Research Alliance) barlag merkeziniň 1 MWt kuwwatly Gün we wodorod stansiýasynyň gurluşy, Bharat Mobility Global Expo sergisinde elektrik maşynlarynyň önümçiligi bilen tanyşdyrmak üçin göçme okuw sapaklary guraldy. 5 gün dowam eden okuwyň ahyrynda gatnaşyjylara ylmy-barlag merkeziniň adyndan sertifikatlar gowşuryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti.