Dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da ki­tap­la­ryň au­dio gör­nü­şi­ni diň­le­mek has ile­ri tu­tul­ýar. Şeý­le ki­tap­la­ry yl­gaw­da ýa-da sport zal­da, işe ýa-da öýe ulag­da bar­ýar­kak, haý­sy­dyr bir me­ha­ni­ki işi ede­ni­miz­de diň­le­ýä­ris. Bu geň däl, çün­ki ki­tap­la­ry au­dio ar­ka­ly diň­le­mek oňaý­ly we el­ýe­ter­li. Şeý­le-de bol­sa, hü­när­men­ler mag­lu­mat­la­ry ýat­da sak­la­mak üçin, ki­tap­la­ry özü­mi­ziň oka­ma­gy­my­zy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Ki­ta­by fo­nog­raf­da diň­le­me­gi tek­lip eden To­mas Edi­so­nyň, şol dö­wür­ler­de dö­re­den bu usu­ly­ýe­ti bi­ziň gün­le­ri­miz­de giň ge­rim­de ula­ny­şa gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da ki­tap­la­ryň ses­li gör­nüş­le­ri­niň meş­hur­ly­gy ýyl­sa­ýyn art­ýar. Au­dio­ki­tap­la­ra bo­lan is­le­giň art­ma­gy­­nyň se­bä­bi­ne dü­şün­­mek kyn däl. Çün­ki şeý­le gör­nüş­li ki­tap­la­ry jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­da, sport zal­la­ryn­da ýa-da ada­ty öý iş­le­ri­ni ber­jaý ed­ýän wag­ty­myz diň­läp bil­ýä­ris. Au­dio gör­nüş­li ki­tap­lar, gö­rüş uky­by pes bo­lan adam­la­ryň ede­bi­ýat dün­ýä­si bi­len ta­nyş­ma­gy­na oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Ýö­ne au­dio­ki­tap­lar çap edi­len ne­şir­le­riň ýe­ri­ni do­ly tu­tup bil­me­ýär, se­bä­bi olar su­rat­la­ry gör­ke­zip bil­me­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da şeý­le usul ar­ka­ly teks­ti ka­bul et­mek aň­sat düş­me­ýär. Şeý­le hem, au­dio­ki­tap diň­le­mek ada­ty oka­ýyş­dan has köp wagt ta­lap ed­ýär. Alym­la­ryň ge­çi­ren bir­nä­çe bar­lag­la­ryn­da ki­tap gu­lak bi­len ka­bul edi­len ha­la­tyn­da, diň­leý­ji­niň pi­ki­ri­niň baş­ga bir dün­ýä sow­lup bil­jek­di­gi su­but edil­di. Teks­ti yzar­la­ma­ýan­ly­gy üçin diň­leý­ji az ýat­da sak­la­ýar we gür­rüň­le­riň wa­ka­la­ry­na iç­gin ara­la­şyp bil­me­ýär. Yl­my bar­la­ga gat­na­şy­jy­lar baş­ga bir işe güý­men­män au­dio­ki­ta­by ýö­ri­te diň­le­se­le­rem, ola­ryň ün­sü­niň baş­ga bir ýa­na sow­lan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr.

Möwlam GARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.