13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.