HP, “Dell”, “Acer” we “Asus” ýaly öňdebaryjy kompýuter hem-de beýleki elektronika öndürijiler emeli aň sebäpli dünýäde ýat çipleriniň ýetmezçiligi bilen baglylykda, olary Hytaýdan satyn almak mümkinçiligine seredýärler. Bu barada çeşmelere salgylanýan “Nikkei Asia” portaly habar berdi.
Mysal üçin, HP kompaniýasy amaly ýat çiplerini Hytaýdaky “ChangXin Memory Technologies” öndürijisinden satyn almak meselesine garaýar. Kompaniýa olary, eger çipleriň dünýä nyrhlary gymmatlamagyny dowam etse, satyn alyp başlamakçy. “Dell” we “Acer” kompaniýalary hem şeýle mümkinçilige garaýarlar diýip, çeşme habar berdi. “Asus” hem noutbuklarynda hytaý çiplerini peýdalanmaga taýýar.
Ady tutulan portalyň söhbetdeşleri bazarda çipleriň gytlygyna öňdebaryjy ýat çiplerini öndürijiler bolan “Micron” amerikan hem-de “Samsung” we “SK Hynix” koreý kompaniýalarynyň emeli aňa ýöriteleşen “Google”, “Nvidia” we “Amazon” kompaniýalaryny üpjün etmeklige gyzyklanma bildirmeginiň sebäp bolandygyny nygtadylar.
Öň “Financial Times” gazeti emeli aň üçin maglumatlary işlemek boýunça merkezleriň gurulmagynyň smartfonlar we kompýuterler üçin kiçigurluşly ýatlaryň gytlygyny döredip biljekdigini, munuň bolsa öz gezeginde hojalyk elektronikasynyň 2026-njy ýylda gymmatlamagyna getirjekdigini çaklapdy.
Esasy Ylym we Tehnologiýa Öňdebaryjy kompýuter öndürijiler ýat çiplerini Hytaýdan satyn almak isleýärler
PDF









