OPEK-iň öňdebaryjy 8 ýurdy nebit önümçiligini günde 137 müň barrele (sentýabr aýy bilen deňeşdireniňde) artdyrmak barada karara geldi.
“Durnukly global ykdysady mümkinçilikler we pes nebit ätiýaçlyklarynda şöhlelenýän amatly bazar esaslary nazara alnyp, gatnaşyjy sekiz ýurt, 2023-nji ýylyň aprelinde mälim edilen günde 1,65 million barrele garanyňda, önümçiligini günde 137 müň barrele çenli üýtgetmek barada karara geldiler” diýlip, OPEK-iň beýanatynda aýdylýar.
OPEK-iň maglumatlaryna görä, Russiýa we Saud Arabystany her gün nebit önümçiligini 42 müň barrele, Yrak 17 müň barrele, BAE 12 müň barrele, Kuweýti 11 müň barrele, Gazagystan 6 müň barrele, Oman 3 müň barrele, Alžir bolsa 4 müň barrele çenli artdyryp biler.
Häzirki wagtda önümçilik kwotalary: Russiýa üçin günde 9,491 million, Saud Arabystany üçin 10,02 million, Yrak üçin 4,237 million, Kuweýt üçin 2,559 million, BAE üçin 3,387 million, Gazagystan üçin 1,556 million, Oman üçin 804 müň we Alžir üçin 963 müň barrele deň.