Her ýylyň Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijä gabat gelýän Gadyr gijesi musulman halklary üçin iň bir eý görülýän pursat hasaplanýar. Adamlar Gadyr gijesini agzybirlikde we asudalykda geçirmegi halaýarlar. Bu gije üçin dürli naz-nygmatlar aýratyn yhlas bilen taýýarlanýar, bir saçagyň başyna jemlenip, agyz açylýar. Gadyr gijesine ýörite taýýarlyk görülýär. Dürli-dümen milli tagamlar bişirilip, desterhanlar naz-nygmatlardan doldurylýar. Goňşy-golama, dogan-garyndaşa öýde taýýarlanan tagamlardan hödür edilýär.
Mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan güni hasaplanýan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýulýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berilýär.
Gadyr gijesi Oraza aýynyň mukaddes gijeleriniň biridir. Bu ýyl Gadyr gijesi 15-nji martdan 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Mukaddes gijede namaz okamagyň sogaby örän uludyr. Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal ediljek tagat-ybadatlaryňyz, berjek agzaçar sadakalaryňyz, halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
PDF









