1-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň milli pawilýonynda dabaraly çäreler geçirildi.
Çäräniň maksady – türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, nepis haly sungatyny we milli lybaslaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak. Türkmen dokma senagatynyň gazananlaryna aýratyn orun berildi.
Sergä gelen myhmanlar türkmen halylarynyň gözelligi, milli nagyşlarynyň mazmuny, şeýle hem dokma önümleriniň döwrebap ösüş derejesi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň dokma senagaty we haly önümçiligi ugurlarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan çykyşlar edildi.
Türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi dabaranyň aýratyn täsir galdyran pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň taýýarlan häzirki zaman öwüşginli milli lybaslary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde türkmen haly sungaty boýunça ýörite okuw sapagy geçirildi. Myhmanlar haly dokalyşynyň inçe syrlary, nagyşlaryň manysy hem-de halyçylyk däplerimiz bilen ýakyndan tanyşdylar.
Geçirilen dabaraly çäreler halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we türkmen halkynyň baý ruhy-medeni mirasynyň dünýäde giňden şöhlelendirilmegine ähmiýetli goşant goşdy.