Otag gülleri diňe bir penjirelerimiziň öňüni bezemän, eýsem, otagyň howasyny hem arassalaýar. Bu güller üçin näçe alada edilse, şonça-da owadanlaşýar. Ýazyň gelmegi bilen, esasan, öýüňizde ilkinji üns bermeli zadyňyz otag gülleriniň ýazky idegidir. Sebäbi her möwsümiň dürlüçe ideg usullarynyň bolşy ýaly, bahar aýlary ilkinji günlerinden başlap otag gülleriniň idegini has-da artdyrmak üçin ünsi talap edýän möwsüm. Ösümlikleriň topraklaryny howalandyrmak, mör-möjekleriň zeper ýetiren şahajyklaryny kesmek hem-de guran ýapraklardan, ösen haşal otlardan arassalamak wajypdyr.
Ýaprakly otag güllerini Gün şöhlesiniň köp düşýän ýerinden çetleşdirmek, çyglylygy we ýylylygy aram derejede saklamak maslahat berilýär. Ýapraklarynyň tozanlaryny wagtly-wagtynda süpürmeli, günaşa suwaryp durmaly. Topragynyň düzüminde daş bolmaly däl. Guran ýapraklary çygly süpürgiçler bilen süpürilip durulsa, ösümligiň bütinleý guramagynyň öňüni alyp bolar. Ýapraklaryndaky we şahalaryndaky tozanlaryň uzak wagt arassalanman saklanmagy onuň çüýremegine sebäp bolar. Topragyny ýeňil görnüşde hepdede iki gezek howalandyrylyp durmak maslahat berilýär. Gülüň uzak ýaşamagy üçin ululygyna görä güldanlarda oturtmaly. Ösümlikleriň ösýän otaglaryny ýelejiredip durmaly.
Güle ideg edilende toprak barada hem käbir zatlary bilmeli. Her gülüň halaýan topragy başga bolýar. Käbir güller çägesöw topragy halaýan bolsa, käsi toýunly topragy gowy görýär. Şeýle hem gül kadaly suwarylmaly. Köp suw talap etmeýän güle yzygiderli suw berilse, kökleri çüýreýär. Wagtynda suwarylmadyk gül hem solmak bilen bolýar. Käbir ösümlikler günüň belli wagtlarynda Gün şöhlesini has köp talap edýän bolsa, belli wagtlarda kölegeli ýerlerde goýulsa peýdaly. Otag ösümlikleriniň goýlan ýeriniň ýagtylygy, ýylylygy we howasynyň çyglylygy kadaly bolmaly. Aşa ýokary ýa-da aşa pes ýylylyk gülüň solmagyna sebäp bolup biler.
Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.