Dün­ýä­de ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi, bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy taý­dan bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan, fau­na, flo­ra dün­ýä­si bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän oba­la­ryň müň­ler­çe­si bar. Dün­ýä ila­ty­nyň 43 gö­te­ri­me go­la­ýy eke­ran­çy­ly­gyň, mal­dar­çy­ly­gyň we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­dyr se­net­çi­li­giň ösen ýe­ri bo­lan oba­lar­da ýa­şa­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len has-da owa­dan gör­nü­şe eýe bol­ýan oba­la­r ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Şi­ra­ka­wa-go, Ýa­po­ni­ýa. Ýa­po­ni­ýa­nyň So­ka­wa der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Şi­ra­ka­wa-go oba­sy­nyň daş-tö­we­re­gi­ni to­kaý­lar gur­şap alan­dy­gy hem-de üs­tü­ni bu­lut ör­tüp du­ran­dy­gy se­bäp­li, ozal­lar bu oba kar­ta­da gör­ke­zil­me­ýär­di. Soň­lu­gy bi­len oba ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­lip, meş­hur­ly­gy ar­typ baş­la­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da oba­da aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, ýol­lar çe­kil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ja­han­keş­de­ler Şi­ra­ka­wa-go oba­sy­na aw­to­bus­ly ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Ot bi­len ör­tü­len ýap­gyt üçek­li jaý­lar­ oba­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gydyr. Mun­dan baş­ga-da, Syo der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän as­ma köp­ri sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň go­wy güý­men­je­le­riniň bi­ri­dir.
Kua Wan, Wýet­nam. Wýet­na­myň Kua Wan oba­sy Ha Long aý­la­gy­nyň ga­ýa­la­ry bi­len gur­şa­lan suw üs­tün­dä­ki oba­dyr. Meş­hur «Awa­tar» fil­mi­ndä­ki hy­ýa­ly te­bi­ga­tyň bu ýer­den yl­ham al­nyp dö­re­di­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň we ba­lyk­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Kua Wan obasyn­da ki­çi­jik jaý­lar, na­har­ha­na­lar hem-de mek­dep bar. Oba mek­de­bi­ne ça­ga­lar ga­ýyk­ly gat­na­ýar­lar. Bu ýer, ha­ky­kat­dan-da, gaý­ta­lan­ma­jak öz­bo­luş­ly­ly­ga eýe.
Git­horn, Ni­der­land­lar. Git­horn oba­sy­na baş­ga­ça «Gol­lan­di­ýa­nyň We­ne­si­ýa­sy» hem di­ýil­ýär. Se­bä­bi oba­da di­ňe suw ula­gy he­re­ket ed­ýär. 7,5 ki­lo­metr uzyn­lyk­da­ky ka­nal­da gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ga­ýyk­ly gat­naw­la­ry­nyň yzy üzül­me­ýär. Git­horn oba­sy 1230-njy ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. 1958-nji ýyl­da ni­der­land re­žiss­ýo­ry Bert Haanst­ra ta­ra­pyn­dan «Fan­fa­re» at­ly meş­hur ko­me­di­ýa­nyň dü­şü­ril­me­gi bi­len Git­horn oba­sy meş­hur bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýe­re gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan kö­pel­ýär.
Bil­be­ri, Ang­li­ýa. Glýues­ter şä­he­ri­niň Bil­be­ri oba­sy dün­ýä­niň iň owa­dan oba­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, XVII asyr­da bi­na edi­len jaý­la­ry, «Bil­be­ri ba­ha­ry», go­ňur ala­ba­sy (ba­ly­gyň bir gör­nü­şi) bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Oba­nyň tö­we­re­gin­de jül­ge­ler bi­len ut­ga­şyp gid­ýän de­pe­ler hem bar. Köln der­ýa­sy­nyň akyp geç­ýän bu oba­sy Ang­li­ýa gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Der­ýa­nyň üs­tün­de bir­nä­çe daş­ly we agaç köp­rü­ler bo­lup, ba­lyk­la­ry, ör­dek­le­ri hem-de der­ýa ýa­ka­syn­da­ky agaç­la­ry syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Iwoi­re, Fran­si­ýa. Že­ne­wa kö­lü­niň fran­suz ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Iwoi­re oba­sy Fran­si­ýa­nyň gül­läp ös­ýän iň owa­dan oba­sy­dyr. Oba­da­ky bi­na­gär­lik gur­luş­la­r or­ta asy­ra de­giş­li bo­lup, yk­jam we örän owa­dan gur­lup­dyr. Gül­ler bi­len be­ze­len dar kö­çe­ler, reňk­li dü­kan­lar, ba­lyk­la­ryň «tans ed­ýän» köl­le­ri Iwoi­re­niň aja­ýyp ýer­le­ri­dir. Mun­dan baş­ga-da, oba­da sy­ýa­hat­çy­lar üçin 5 myh­man­ha­na bi­na edi­lip­dir. Oba­nyň ila­ty gül­den edi­len be­zeg­le­ri hem-de sow­gat­lyk­la­ry ýa­sa­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýe­ri ge­len­de bellesek, Iwoi­re or­ta asyr dur­mu­şy­nyň däp­le­ri­ni sak­lap ga­lan Fran­si­ýa­nyň iň ga­dy­my oba­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Wen­gen, Şweý­sa­ri­ýa. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki Wen­gen oba­syn­da 1000-den gow­rak adam ýa­şa­ýar. Bu oba Şweý­sa­ri­ýa­nyň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, is­len­dik möw­süm­de sy­ýa­hat­çy­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Wen­gen suw şy­pa­ha­na­sy, as­ma ýo­ly, ly­ža ýa­ryş­la­ry, gur­jak teatr­la­ry hem-de «Men­dels­sohn» aý­dym-saz hep­de­li­gi bi­len meş­hur­dyr. Aras­sa dag ho­wa­sy­nyň ha­pa­lan­maz­ly­gy üçin bu ýer­de ulag sür­mek ga­da­gan.
Oia, Gre­si­ýa. San­to­ri­ni wul­kan ada­syn­da­ky bu oba dün­ýä­niň iň ro­man­tik ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. De­pä çy­kyl­ýan eg­rem-bug­ram ýol­la­ry bo­lan Oia gök güm­mez­li ak jaý­la­ry bi­len te­bi­ga­ta gel­şik ber­ýär. Ýo­kar­dan deň­zi we ada­nyň gö­zel­lik­le­ri­ni syn­lap bol­ýar. Bu ýer aşyk­la­ryň iň köp sy­ýa­hat ed­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.