Doluhan kyssalary
Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly owazyny, şirin heňini, inçeligini, ruhy ýakymyny dünýä ýüzüne meşhur eden ussatlaryň hersiniň saz çalmakda, aýdym aýtmakda öz ýoly, öz labzy, öz ussatlygy bar. Türkmen aýdym-sazlarynda ýaşaýşa hyjuw, ynsana söýgi, bu owadan barlyga mähir-muhabbet duýgulary joş urýar. Özüniň şirin owazy bilen şeýle şirin aýdym-sazlary dünýä inderip, ile-güne ýetirip bilýän ussatlar ähli döwürde-de halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdyr, toý-tomguda ýa adaty günlerde olara öý-ojagyň töründen orun berlipdir, islendik pursatda çäksiz sylag-hormat bilen garalypdyr. Şolaryň biri-de zehinli estrada bagşysy Taňryguly Gurbangulyýewdir.
Bagşynyň kakasy Gurbanguly aga hem aýdym-sazdan habarly bolupdyr, dutarda saz çalypdyr. Uzakdaky öri meýdanda – Doluhanda çopançylyk edýän wagtlary hem aýdym-saz Gurbanguly aganyň ýakyn hemrasy bolupdyr.
1957-nji ýylyň 6-njy maýynda Tejen etrabynyň Amanşagapan obasynda ýaşaýan Gurbanguly agadyr Ogultäç gelnejäniň maşgalasynda ýene bir şatlykly waka bolýar. «Buşluk, ogul jigimiz boldy!» diýen şadyýan sesler ýaňlanýar. Kakageldiden, Sapargeldiden, Myratgeldiden soň, maşgalanyň dördünji ogly Taňryguly dogulýar. Taňrygulydan soň, Bäşimdir Gülälek hem maşgalanyň şatlygyny goşalandyrýar.
Taňryguly 3-4-nji synpda özüni göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanadýar. Onuň çagalykdan aýdym-saza bolan höwesini aňan oba mugallymlary ýörite gurnaga gatnap, bu ugurdan kämilleşmegi üçin Taňrygula ýardamlaryny berýärler, ony mekdepleriň arasynda geçirilýän gözden geçirilişlere alyp gidip, bäşleşiklere gatnaşdyryp, 1-nji orna mynasyp bolandygyny aýdýarlar. Ol eýýäm 5-6-njy synpdaka etrapda geçirilýän dabaralarda, festiwallarda çykyş edip başlaýar, şirin owazy bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekýär, birnäçe hormat hatlaryna mynasyp bolýar, 10-njy synpy tamamlaýança, halk köpçüliginiň içinde «Taňňy bagşy» ady bilen giňden tanalyp başlanýar. 1972-1973-nji ýyllarda Aşgabatda aýdym-saz ugrundan ýörite bilim alýar. 1975-1977-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edip geleninden soň, aýdym-saz bilen ymykly meşgullanyp, özüniň ykbalyny sungata doly baglaýar, meşhurlyga, şan-şöhrata eýe bolýar.
Ol sungat ýoluna juda ir başlaýar. 1966-njy ýylda halypa bagşy Öwezgeldi Tekäýew oba toýa gelýär. Taňňy şol wagtlar 3-nji synpda okaýan bolsa-da, ýaşdygyna garamazdan, aýdymy örän gowy aýdýar. Onuň aýdyma höwesekdigini bilen Öwezgeldi halypa «Hany, şu oglanjygy diňläp göreýin» diýip, sazandalary bilen bile özi hem saz çalyp, aýdym aýtdyryp, Taňrygulyny diňleýär. Soňra oňa mähir hem buýsanç bilen garap şeýle diýýär:
– Gowy aýdýan ekeniň, oglum, sen hökman bagşy bolarsyň.
– Sag bol, Öwezgeldi aga, taňryýalkasyn!
Halypanyň beren bahasy ýaşajyk bagşa uly täsir edýär. Onuň owazlar dünýäsinde ganat ýaýyp uçasy gelýär. Dogrusy, bu berlen baha halypanyň ýaşajyk şägirde beren ak patasy bolýar. Taňrygulynyň aýdym aýdyşyny gowy görüp, heniz 6-njy synpdaka Medeniýet öýüne işe hem alýarlar. Şol ýerde-de bir ýyl aýdym aýdýar.
Bagşy obadaşy hem garyndaş agasy Osman bilen çagalykdan bile oýnaýar, bile önüp-ösýär. 1972-nji ýylda ejesi Ogultäç gelneje tapbiler hem ezber Osmany ýanyna çagyryp şeýle diýýär:
– Sen, oglum, Taňrygulynyň okuwa girmegine kömek et, Aşgabada äkit, orta hünär okuw mekdepleriniň birine ýerleşdirjek bol!
Onsoň Osman ony paýtagta Medeni aň-bilim tehnikumyna alyp gidýär. Ýanynda-da häzirki estrada aýdymçysy Döwlet Maşadyň agasy Derýa Beki bar.
Şol ýerde-de olar Gurbannazar Hojagulyýew diýip bir mugallym bilen gabatlaşýarlar. Bu sypaýy hem mährem adamyň ýardamy bilen ähli işleri düzelýär duruberýär. Şeýdip Taňrygulyny okuwa kabul edýärler, ol şol ýerde aýdym-saz ugrundan bilim alýar, kämilleşýär.
Soňra Taňryguly Tejen etrabynyň Ak altyn obasynda ýerleşýän Oba hojalyk tehnikumynda hem okaýar. Şol ýerde-de belli sazanda Şana, ýagny Şanazar Saparow bilen tanyşýar, onuň bilen toýlara gidip başlaýar. Taňrygulynyň özi hem saz çalýar, Şanazar depçisi, zehinli sazanda Hakgyş, ýagny Hakberdi Hudaýberdiýew hem akkordeonçysy. Özlerem garyndaş bolup, Hakberdiniň ejesi Aýna eje Taňrygulynyň kakasy Gurbanguly aganyň aýal doganydy.
Wagtyň geçmegi bilen ol obadaşy, zehinli sazanda Aşyrgeldi bilen işleşýär. Şeýdip Taňryguly ýuwaş-ýuwaşdan adygyp başlaýar. Ilki-ilkiler Öwezgeldi Tekäýewiň «Aramyzda», «Daýza jan», «Bagt lälesin kakan gyz» ýaly aýdymlaryny aýdýar. Soň öz ýoluny tapýar, özüçe aýdýar. Ol hindi aýdymlaryny hem aýdýar. Şeýdip uly estrada aýdymçysy bolup gidýär. Asyl ony ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toýa çagyryp ugraýarlar. Balkandan, Daşoguzdan gelip, Taňrygulydan toýuň sähedini alyp gidýärler, ýagny aýdym aýtdyrmak üçin, toýlaryny onuň boş gününe gabatlap tutýarlar. Toýa çenli onuň adyny hala dokap, oňa sowgat beren gezekleri hem bolýar. «Balkanly garyndaşlar Taňrygulyny gowy görerdiler. Köçede görseler hem, «Taňňy bagşy gelýär» diýşip, daşy adamdan dolýardy» diýip, Osman aga ýatlaýar. Şeýdip ol tutuş ýurdumyzda tanalýar.
1990-njy ýylda Osman dostlary bilen Balkanabada gawun satmaga gidýärler. Olar ulagda gawun satyp otyrkalar, birden biri gelýär-de, olardan soraýar:
– Waharman näçeden?
Osman «ýalt» edip seredende çagalyk dosty Taňrygula gözi düşýär:
– Oh-ow, Taňňy jan, senm-aý bu, ýa gözüme görünýäňmi?
– Özüm-how, Osman kaka!
Olar gadyrly salamlaşýarlar.
– Taňňy jan, tüýs wagtynda geldiň, men nahar iýip gelýänçäm, şu ýerde otur.
Şeýle diýýär-de, Osman gyssagly garbak-gurbak edinmäge gidýär. Naharlanyp dolanyp gelende bolsa gözlerine ynanmaýar.
– Geliň, gawun satylýar, Tejen waharmany, gök, sary waharman, top-torly, müşki-anbar ysly waharman. Gawun-a geliň, gawun-a!
«Taňňy bagşy gawun satýar» diýip, bu ýere adam bary üýşýär. Her kim Taňrygulyny görjek bolýar.
Alyjylar az-kem böwşeňlänsoň, Osman oňa ýüzlenýär:
– Ýogsa-da, inim, sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň?
Bagşy Osmanyň özüne sowal berýär:
– Haý, agam jan, bazaryň daşyna çykyp göreňokmy?
– Çykýan.
– Üns beren dälsiň! Bar-da, täzeden seret! Derwezäň agzynda bildiriş ýazylandyr.
Baryp görse, hakykatdan-da, derwezäniň agzynda bildiriş ýazylgy:
«Taňňy Gurbangulyýew aýdym aýdýar».
Taňryguly hemişeki şadyýanlygy bilen ýylgyryp, Osmana garaýar:
– Men bir aý bäri şu ýerde, agam! Mollagarada-da konsert berdik. Şypahanada dynç alýanlar aýdym-sazy gaty gowy görýän ekenler.
Bagşy Balkanabatda ýaşaýan garyndaşlarynyň öýünde bolup, şol töwereklerde hem konsert berýär.
Bagşynyň obadaşy hem sazandasy Aşyrgeldi aga hem özüniň aýdym-saz sungatyna gelşi, Taňňy bagşy bilen bagly wakalary höwes bilen ýatlaýar.
Bir gezek Taňryguludyr Aşyrgeldi Magtymguly etrabyna toýa gidýärler. Toý ýerine gelenlerinden soň öý eýesi olara ýüzlenýär:
– Şu hepde etrabymyzda şeýle bir toý kän. Şu günüň özünde sekiz toý bar. Taňryguly jan, bir biliňi guşap, gowuja aýdarsyň-da!
– Nesip bolsa, agam, elimden gelenini gaýgyrmaryn.
Toý başlanýar, aýdym-saz ýaňlanyp ugraýar. Bagşy kem-kemden belent heňlere çykyp, durky-düýrmegi bilen owaza öwrülýär, aýdym-sazyň sesi çar ýana ýaň salýar, millet bary hem üýşýär. Bu toýa şeýle bir köp adam üýşýär welin diýip-aýdar ýaly bolmaýar. Şol barmana toýa bir adam gelýär-de bagşa şeýle diýýär:
– Keýwany ikimiz seniň ýanyňa ýörite gaýtdyk, bagşy! Hol köçede biz hem şu wagt oglumyzy öýerýäs. Seni diňlejek bolup biziň toý ýerimizde adam galmady.
Onuň sözlerine tutuş toý märekesi gülüşýär.
Onýança toý eýesi hem gelýär:
– Bagşy, sesiň çykanok-la?
Oňa bolan ýagdaýy aýdýarlar. Toý eýesi bilen ýaňky gelen adamlar tirkeşip gidýärler. Birsalymdan toý eýesiniň ýeke özi gelýär:
– Taňryguly jan, düşünişdim, köşeşdirdim olary. Sen arkaýyn aýdyber, asyl sekiz toýuň adamsy bize ýygnanan bolaýsa nätjek?! Ýaşyň uzyn bolsun, şu aýdyşyňa aýdyber, ýaňy nähili aýdan bolsaň!
Aşyrgeldi 1984-1987-nji ýyllarda obalaryndaky Medeniýet öýüniň ýolbaşçysy bolup işlän döwürlerinde tomus möwsüminde obanyň toraňňylara bürenip oturan ýerinde çagalaryň üç aýlyk dynç alyş merkezi ýerleşýärdi. Taňňy bagşy hem şol ýerde işleýär, çagalara aýdym aýdyp berýär.
Taňryguly örän adamkärçilikli, şahandaz, göwnaçyk adam bolup, birine kömek etmeli bolsa hemişe döwtalap bolýar. Özi bilmezden biriniň göwnüne degäýse-de, şoňa näçe wagtlap ökünip gezýär. Baryp «Bagyşla!» diýmegi özüne asla kiçilik bilmeýär.
Bir gezek asly Tejenden bolan hoşgylaw ýigit, Gämi oba hassahanasynda lukman bolup işlän Annamämmet Nurberdi ogly öz ulagynda paýtagtyň köçeleri bilen gidip barýar. Ulagda bolsa Taňňy Gurbangulyýewiň aýtmagynda onuň özüniň döreden «Tejenli läläm», «Gitdiň, Jeren!», «Eziz doganym», «Jan ejem», «Läläm, hoş indi!», «Şasoltan», «Baharym», «Bossanym», «Ogulgerek» ýaly aýdymlary ýaňlanýardy. Oňa ýolda geýnüwli bir adam hem ýoldaş bolýar:
– Taňňy bagşyny diňleýäňmi?
– Hä, hawa. Aý, onuň owazy başgaça geläýýär.
– Ýanynda akkordeon çalýany tanaýaňmy?
– Aý, anyk bilemok welin, Gurbanmyrat Dagbaşyň çalşyna meňzeýär.
– Men-dä şol.
Annamämmet «ýalt» edip onuň ýüzüne seredýär:
– Eý-ho, Gurbanmyrat aga, dogrudanam özüňmi bu?
Ulagda oturan hakykatdan-da il içinde «Aýna gyz» aýdymy bilen tanalan Gurbanmyrat Dagbaşyýewdi. Ol, hakykatdan-da, bir döwürler Taňrygulynyň ýanynda akkordeon çalypdy.
Meşhur estrada ýyldyzy Nurmuhammet Meredow hem Taňryguly Gurbangulyýewiň ençeme aýdymlaryny ýerine ýetirýär. Taňryguly bagşynyň döreden «Bileje okan gyzlarym», «Güle gül ýüzüňe döneýin», «Akmaýa gyza», «Utulan Maýam», «Aýterek-günterek», «Seýle gideli», «Enebaý», «Eneşim», «Şekerim», «Güldesse», «Gülsonamy ýitirdim», «Tawusym», «Ýar aglar», «Jan ejem dälmi?» ýaly aýdymlary beýleki sungat ussatlarynyň arasynda hem juda meşhur. Ol özüniň ukyp-başarnygy bilen estrada sungatynyň täze Tejen ýoluny kemala getirýär. Zehinli aýdymçy-bagşylar Gündogdy Deňliýew, Mälikberdi Gubaýew, Kakajan Nuryýew, Kakyş Nazarow, Dörtguly Hezretow, Söýün Hojaberdiýew, Döwlet Maşadow, Ataş Welmyradow, Ahmet Öwezmyradow ýaly ençeme aýdymçy-bagşylar ol ýoluň has-da kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşdular.
Taňrygulynyň aýdym-saz topary daýhanlaryň arasyna baryp, medeni-dynç alyş hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler, günortan aýdym-saz edip, daýhanlaryň armasyny ýetirýärler. Pagta ýygymy döwürlerinde bolsa olaryň ýatymlyk bolup, gijelerine konsert berýän wagtlary hem az bolmaýar. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary teşne göwünlere tenekar bolup ornaýar. Doluhan ýaýlasynda, gadymy Atgyranda, Nuraly düzlerinde Taňryguly bagşynyň owazy ýaňlanýar.
Taňrygulynyň ýanýoldaşy Mawy gelneje bagşyny hemişe ýagşylykda ýatlaýar. Ogullary Şiraly bolsa özüniň aýdym-saz sungaty bilen halk arasynda öçmez yz goýup giden kakasynyň medeni mirasyny toplamakda, ile-güne ýetirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar.
Bäşim Ataýew.