Mundan 3 gün öň Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-däki taryhy rekorda şärik bolan russiýaly hokkeýçi Aleksandr Oweçkin şol rekordy öz adyna geçirdi. Ýagny Oweçkin kluby “Waşington Kapitals” toparynyň “Nýu Ýork Aýlanders” toparyndan 4-1 hasap bilen utulan duşuşygynda paýtagtlylaryň ýeke-täk goluny derwezä girizdi. Şunlukda, Oweçkin adaty möwsümdäki 895-nji şaýbasyny salyp, taryhy rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Ol şol taryhy şaýbasyny geçiren mahaly, duşuşyk togtadylyp, hemmeler – topardaşlary, ejesi, ýanýoldaşy, çagalary, rekordyň ozalky eýesi Weýn Gretski dagy meýdança girip, ony rekordy bilen mähirli gutladylar. Şol pursatda janköýerleriň hem elçarpyşmalary, gutlaglary birjigem depginden düşmedi. Gretski oňa 900 şaýba ýetseň, awtoulag sowgat etjekdigini hem aýtdy. Oweçkin bolsa bu rekordy 2 ýyl öň aradan çykan kakasyna bagyş edýändigini belläp geçdi. Ol hemmelere, maşgalasyna we topardaşlaryna köp sagbolsun aýtdy. Bu rekorda olaryň goldawy bolmazdan, ýetmeginiň mümkin däldigini nygtady.

Duşuşykdan soň dürli ugurlar boýunça dünýä belli şahsyýetlerden, türgenlerden, medeniýet-sungatyň görnükli wekillerinde, syýasy adamlardan sosial media arkaly gutlag bary ýagdy. Hemmeler ony taryhy rekordy bilen gyzgyn gutladylar.