5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri arkaly dowam etdirilýär. Owganystanda bolan ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem ýurdumyzda şeýle asylly ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär edýär.
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.
Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Oňa gatnaşyjylar owgan halkyna yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň berýän kömek-goldawlary, edýän hemaýaty hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär.