Şäherde ekilýän bezeg agaçlarynyň biri hem pirakanta bolup, ak owadan güli, alma şekilli kiçijik miwesi bilen tebigatyň gelşigini artdyrýar. Pirakanta gündogar Aziýada we günorta Ýewropada giňden ýaýran gyrymsy agaç bolup, onuň 10 görnüşiniň bardygy aýdylýar. Boýy 3 metre çenli ýetýän, hemişe gök öwüsýän bu gyrymsy agajyň tikenli şahalary bar. Mart-maý aýlarynda gülleýän pirakantanyň sentýabr-noýabr aýlarynda hasyly ýetişýär. Bu ösümligiň sarymtyl-gyzgylt, hoşboý ysly miwesiniň özboluşly tagamy bolýar. Oňa Ýewropada «ömri halas ediji däne» ýa-da «fakel miwesi» hem diýilýär.
Pirakanta irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelnip, biologik taýdan işjeň maddalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Düzüminde fenollary, tebigy pigmentleri, polisakaridleri we iýmit süýümini saklaýan pirakanta miwesi çişmä garşy täsirleri azaltmakda, diş agyryda, immuniteti ýokarlandyrmakda, içegedäki we böwrekdäki täsirleri azaltmakda ulanylýar.
Pirakanta islendik toprak şertine çalt uýgunlaşýar. Şol sebäpli bu ösümligi islendik tebigy gurşawda, ekerançylyk ýerleri bilen bir hatarda, daşly hem-de çölleşen toprakda ekip bolýar. Kökünde we baldagynda peýdaly maddalaryň bardygyny nazara alyp, topragy özleşdirmekde we hapa suwy arassalamakda bu gyrymsy agaçdan peýdalanylyp bilinjekdigi aýdylýar.