Be­den we akyl sag­ly­gy üçin wagt­ly-wag­tyn­da iý­mit­len­mek hem-de maşk et­mek ze­rur­dyr. To­mus pas­ly­ny köp adam öý­de ge­çir­ýär. Dynç alyş ýa-da zäh­met rug­sa­dy bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, öý­de dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek we sal­kyn ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek sag­lyk üçin äh­mi­ýet­li­dir.
Sagdyn hereket üçin il­ki bi­len er­tir­lik­den baş­la­ma­ly. Ýag­ny er­tir­lik na­ha­ry­ny – be­lo­ga, wi­ta­mi­ne baý iý­mit­le­ri hök­ma­ny ýag­daý­da iý­me­li. Bu im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dy­ryp, be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär. De­ňag­ram­ly we sag­dyn iý­mit sa­na­wy­na gök önüm­ler­dir mi­we­le­ri hem go­şup bi­ler­si­ňiz. Ýag­ly, ýö­ne­keý ug­le­wod­ly we şe­ker­li iý­mit­ler­den uzak­da dur­ma­ly. Şeý­le hem et önüm­le­ri­ni azal­dyp, gök önüm­le­re köp­räk üns ber­me­li. Her gün 2-4 litr ara­ly­gyn­da otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da­ky suw iç­me­li. Iý­mit sa­na­wy dog­ry ber­jaý edi­len­de adam özü­ni ra­hat we ýe­ňil duý­ýar.
To­mus pas­lyn­da ho­wa­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni göz öňün­de tut­mak bi­len da­şa­ry çyk­maz­dan, öý­de dür­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­si­ňiz. Ýo­ga, el-aýak myş­sa maşk­la­ry öý­de ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ýan maşk­lar­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, ir­den ýa-da ag­şa­ma­ra sal­kyn ho­wa­da ýö­re­mek, we­lo­si­ped sür­mek ar­ka­ly be­de­ni­ňi­zi tap­lap bi­ler­si­ňiz.