Käte öýde ýeke galanymyzda ýa-da köpçülik ýerine baranymyzda birden özümiz bilen gepleşip başlaýarys. Köp adam üçin bu ýagdaý täsin ýaly bolup görünse-de, öz-özüň bilen gepleşmek saglyk bilen bagly bolup biler. Köplenç öz-özüň bilen gepleşmek psihologik mesele hökmünde görülýär. Şeýle bolsa psihologik kynçylyklary bolmadyk sagdyn adamlar hem özleri bilen gepleşýärler. Eýsem, munuň sebäbi näme?
Her kimiň içki monology bar. Käbir adam özi bilen gepleşip gatnaşýan bolsa, köpler içinden gelýän sese jogap bermeýärler. Hünärmenler öz-özüň bilen gepleşmegiň sebäbini iki teoriýa bölýärler.
Ýekelik teoriýasy. Özi bilen köp wagt geçirýän, köpçülikden uzakdaky adamlar öz-özi bilen gepleşmegi gowy görýärler.
Aňda (bilim) näsazlyk teoriýasy. Kitapdyr çeper eserleri köp okamagyň netijesinde käbir adamyň aňynda bulaşyklyk emele gelýär. Olar ylym bilen durmuşy garyşdyryp, haçan görseň içini gepledip ýörýärler. Mundan başga-da, käbir adamda kynçylyga duçar bolanda, köp pikirlenende ýa-da alada edende öz-özi bilen gepleşmek häsiýeti ýüze çykýar.
Öz-özüň bilen gepleşmegiň
peýdaly taraplary:
Öz-özüňi tankytlamak.
Öz-özüňe göwünlik bermek.
Öz-özüňe erk etmek.
Öz-özüňe baha bermek.
Öz-özüň bilen gepleşmek meseläni düýpli pikirlenmek, ýüze çykan ýagdaýy özüň bilen maslahatlaşyp çözmek, edilmeli işleri meýilleşdirmek we netijäni öňünden göz öňüne getirmek ýaly ýagdaýlarda hem peýdaly bolup biler. Mysal üçin, türgenler köplenç höwesini artdyrmak we maksadyna ýetmek üçin öz-özi bilen gepleşýärler. «Sen muny başararsyň», «Gözüňi topdan aýyrma», «Tijenjek bol», «Az galdy, çyda» ýaly jümleleri ulanýarlar. Diňe bir türgenler däl, eýsem, islendik kärdäki adam hem öz-özüni ruhlandyryp, öz-özüne goldaw berip, maksadyna ýetip biler.
Öz-özüň bilen gepleşmegiň akyl-huş we jemgyýetçilik peýdalary filosoflar tarapyndan köpden bäri derňelýär. Filosoflaryň bellemegine görä, özüň bilen derdinişmek netijä gelmegi aňsatlaşdyrmaga, öňüňde goýan maksadyňa ýetmäge, dünýägaraýşyňy ösdürmäge we beýlekiler bilen özüňi hoşamaý alyp barmaga ýardam edýär. Adam öz-özi bilen gepleşende aňdaky pikirler gaýtadan işlenýär. Täze pikirler döräp, ýalňyşlyklaryňy düzetmäge mümkinçilik döreýär.
Hünärmenler öz-özüň bilen gepleşeniňde bolup geçýän ýagdaýy, pikirleri kagyza bellemegi we soňra gaýtadan seljermegi maslahat berýärler. Öz-özüň bilen gepleşmek peýdaly bolsa-da, käwagt zyýanly hem bolup biler. Özüň barada ters pikirler aýdanyňda ýa-da özüňi tankytlanyňda, özüňe pes baha bereniňde saglyk bilen bagly töwekgelçiliklere getirip biler. Öz-özüň bilen gepleşmek beýniniň işleýşi, ýalňyzlyk, alada we dartgynlylyk bilen bagly bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly.