17-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.
Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.