Futbol boýunça Daşkent hem-de Duşanbe şäherlerinde geçirilen 2-nji CAFA Milletler Kubogy ýaryşy tamamlandy.
Daşkent şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalan finalda Özbegistan bilen Eýranyň milli ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 5-nji minutynda Eýranyň ýygyndysyndan goragçy Arýa Ýusefi gyzyl kart aldy. Duşuşygyň esasy wagtynda hasap açylmady. Toparlaryň guran hüjümleri oňyn netije bermedi. Goşmaça wagtyň, has takygy, 105+4-nji minutda gyrgyzystanly emin Nurzatbek Abdykadyrow ýer eýeleriniň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Ýöne Eldor Şomurodowyň ýerine ýetiren urgusy takyk bolmady. Duşuşygyň 120-nji minutynda Muhammadkodir Hamralyýewiň beren pasyndan soň topy derwezä girizen Hojiakbar Alijonow Özbegistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, goşmaça wagtda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan Özbegistanyň milli ýygyndysy 2-nji gezek geçirilen bu ýaryşyň çempiony bolmagy başardy. Mundan 2 ýyl ozal geçirilen 1-nji ýaryşda Eýranyň ýygyndysy çempionlyk gazanypdy.
Duşanbe şäherinde oýnalan bürünç medal ugrundaky oýunda Hindistan bilen Omanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşygyň esasy hem-de goşmaça wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Omandan Al-Ýahmadiniň 55-nji minutda geçiren goluna hindistanly Kumam 80-nji minutda jogap berdi. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda 3-2 üstün çykan Hindistanyň ýygyndysy bürünç medala mynasyp boldy.
Hojiakbar Alijonow ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. 3 gezek tapawutlanan Igor Sergeýew bäsleşigiň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.
PDF









