Te­bi­gat­da uly zat­la­ryň tä­si­ri hem uly bol­ýar. My­sal üçin pil­ler agaç­la­ryň şa­ha­la­ry­ny dö­wüp bil­ýän bol­sa, maý­myn­lar aga­jy sil­ke­läp, mi­we­le­ri­ni ka­kyp, ýe­re ga­çy­ryp bil­ýär­ler. Em­ma te­bi­gat­da has uly tä­sir dö­red­ýän ki­çi jan­dar­lar hem az däl.
De­ňiz­dir um­man­lar­da ýa­şa­ýan leň­ňeç şe­kil­li jan­dar­lar iý­mit zyn­jy­ry­nyň esa­sy hal­ka­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Kit­ler, düw­len­ler, ping­win­ler bu ow­nuk jan­dar­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Beý­le­ki ow­nuk de­ňiz jan­dar­la­ry ýa­ly leň­ňeç şe­kil­li­ler hem köp­lük bo­lup he­re­ket ed­ýär­ler. De­ňiz su­wy edil tü­we­leý ýa­ly aý­lan­ýar. Bu he­re­ke­tiň ne­ti­je­sin­de aşak­da­ky suw ýo­ka­ry çyk­ýar, ýo­kar­da­ky suw deň­ziň aşa­gy­na gid­ýär. Bu akym bi­len ow­nuk jan­dar­lar hem su­wuň ýo­kar­sy­na çyk­ýar. Ne­ti­je­de, su­wuň has ýy­ly ýe­ri ha­sap­lan­ýan ýo­kar­syn­da ýa­şa­ýan jan­dar­lar iý­mit­len­ýär­ler.
Ýer ýü­zün­de ko­lib­ri guş­la­ry­nyň 320 gör­nü­şi bar. Olar ary­dan sä­hel uly, ser­çe­den ki­çi­räk bol­ýar. So­wuk dag ge­riş­le­rin­de ýa­şa­ýan bu guş­lar oýa wag­ty­ny di­ňe iý­mit­len­mek bi­len ge­çir­ýär­ler. Guş­lar gü­nüň do­wa­myn­da ýüz­ler­çe gü­le gon­ýar­lar we ola­ryň toz­ga­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Guş­la­ryň aýa­gy­na ýa­py­şan toz­ga­jyk­lar gül­den-gü­le go­nan­la­ryn­da gül­le­riň toz­ga­lan­ma­gy­na we ýo­ka­ry hil­li ha­syl ber­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le­lik­de, bu guş­lar ýa­ba­ny ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne go­şant goş­ýar­lar.
Sa­myr­lar der­ýa­la­ryň su­wu­nyň aras­sa bol­ma­gy­na go­şant goş­ýar. Mu­nuň üçin olar agaç şa­ha­la­ryn­dan, kök­ler­den we ýap­rak­lar­dan bent ýa­sa­ýar­lar. Bu bent­ler der­ýa­nyň su­wu­nyň ha­ýal ak­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Öz­le­ri­niň ýa­şa­ma­gy üçin ýa­san bu bent­le­ri ba­lyk­la­ryň hem ýa­şa­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän ho­wuz­la­ry dö­red­ýär. Şeý­le hem su­wuň ha­ýal ak­ma­gy ösüm­lik­le­riň ös­me­gi­ne oňaý­ly şert dö­red­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, sa­myr­la­ryň ýa­san bent­le­ri su­wy sü­züp, der­ýa­nyň su­wu­nyň aras­sa­lan­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
De­ňiz ýyl­dyz­la­ry um­man­lar­da jan­dar­la­ryň esa­sy gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi bu jan­dar­lar de­ňiz kir­pi­si at­ly da­şy ti­ken­li jan­dar­la­ry iý­ýär­ler. Eger de­ňiz ýyl­dyz­la­ry bol­ma­dyk bol­sa, on­da de­ňiz kir­pi­le­ri­niň baş­ga ýa­gy­sy ýok­du­gy se­bäp­li ola­ryň sa­ny kö­pe­lip gi­der­di. Bu bol­sa de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň we ösüm­lik­le­ri­niň ara­syn­da de­ňag­ram­ly­ly­gyň ýit­me­gi­ne se­bäp bo­lar­dy. Se­bä­bi de­ňiz kir­pi­le­ri su­wo­tu­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. De­ňiz kir­pi­si­niň kö­pel­me­gi ba­lyk­la­ryň hem iý­mi­ti bo­lan su­wo­tu­la­ryň gy­ryl­ma­gy­na se­bäp bo­lar­dy. Bu bol­sa adam­la­ryň hem iý­mit çeş­me­si ha­sap­lan­ýan ba­lyk­la­ryň sa­ny­nyň azal­ma­gy­na ge­ti­rer­di. De­ňiz ýyl­dyz­la­ry um­ma­ny de­ňag­ram­ly­lyk­da sak­la­ýar­lar.
Gu­ry ýer­de bol­şy ýa­ly de­ňiz­dä­ki iý­mit zyn­jy­ry hem bir-bi­ri bi­len örän bag­la­ny­şyk­ly. Şol se­bäp­li haý­sy­dyr bir iý­mi­tiň ýa-da jan­da­ryň ýok edil­me­gi tu­tuş te­bi­ga­ta tä­si­ri­ni ýe­ti­rip bil­ýär.