Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň arasyndaky, uzynlygy 82 kilometre barabar bolan Panama kanalyndan geçýän gämileriň sany artdy. Kanaly dolandyrýan edaranyň wekilleri bu çylşyrymly suw desgasynyň söwda gämileriniň wagtyny tygşytlamak üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belleýärler. Kanaldan geçýän gämileriň artýandygyna garamazdan, halkara söwda üçin ähmiýetli bolan desgada suwuň derejesiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmek üçin tagalla edilýär.
Emeli kanalda gämileriň geçişi üçin suwuň derejesini azaldyp hem artdyryp durýan ýörite ulgam hereket edýär. Geçen ýylyň oktýabr aýy bilen şu ýylyň mart aýy aralygyndaky 6 aýlyk döwürde jemi 6 müň 288 suw ulagy bu desgadan geçipdir. Gämileriň sany bir ýyl ozalky degişli döwürdäkiden 224 sany artyk bolupdyr.
Karib deňzi bilen Ýuwaş ummanynyň aralygyndaky kanalyň gurluşygyna 1881-nji ýylda başlanýar. Kanaldan ilkinji gämi 1914-nji ýylda geçýär. Taslamanyň esasy maksady, söwda gämileriniň Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň arasyndaky aralygy azaldyp, wagty tygşytlamak we ýük gatnawy üçin edilýän çykdajyny azaltmakdan ybaratdyr.
Merdan Hojatow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
PDF









