Alymlar Panamada irki döwürlerde wulkanyň atylmagy netijesinde ýok bolan tokaýyň yzlaryny tapdylar. Panama kanalynyň geçýän ýerinde, adada tapylan mangrow tokaýy 22 million ýyl ozal wulkandan çykan külüň, daşyň we läbigiň garyndysynyň aşagynda galypdyr. Demirgazyk we Günorta Amerikanyň kesişýän ýerindäki Panamanyň baý tebigaty bar. Wulkanyň astynda galan mangrow agaçlarynyň tohumynyň ýitip gidendigi, onuň urugdaşlarynyň häzirki wagtda Aziýada ösýändigi bellenildi. Alymlar Ýer ýüzünde irki döwürlerde häzir gabat gelmeýän ösümlikleriň bolandygyny belleýärler. Bu ýerden zaýalanman saklanan 121 agaç bölegi tapylypdyr. Bu ylmy iş Panamanyň Smitsoniýan tropikal barlaglar institutynyň alymlary tarapyndan Barro-Kolorado adasynda geçirildi.
Öwlüýäguly HAÝYDOW,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.